Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt ‘aljyraňňylygy’

Aşgabatda 23-24-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim robotçylygy boýunça bäsleşik geçirilýär diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri 16-njy sentýabrda habar berdi.

Internet çeşmelerini petiklemekde we öz raýatlaryny daşarky dünýäniň onlaýn maglumat giňişliginden üzňe saklamakda tanalýan Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilýän robot bäsleşigi Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan guramalaşdyrylýar.

Bäsleşikde mekdep okuwçylarynyň işläp düzen robot taslamalaryna baha berilmegine garaşylýar.

Döwlet metbugatyna görä, Türkmenistan tehnologiýa ulgamyndaky iri taslamalarynyň çäklerinde, öňümizdäki bäş ýylyň içinde türkmen paýtagtynda robot önümçiligi boýunça tehnologiýa seýilgähini döretmegi meýilleşdirýär.

Türkmen hökümeti ýurduň dürli pudaklarynyň, şol sanda maliýe-ykdysady pudagynyň yzygiderli görnüşde digitallaşdyrylýandygyny gaýtalaýar. Iýunyň ahyrynda Köpetdagyň eteginde açylan Arkadag şäheri türkmen mediasy tarapyndan “akylly” şäher atlandyryldy.

Ýöne täze şäheriň “akylly” ugurlarynyň anyk alamatlary heniz gümürtik galýar.

Döwlet mediasy täze şäheriň elektrik energiýasy bilen işleýän taksilerini we jemgyýetçilik ulaglaryny öwýär, “arşa çykarýar”, şäheriň “akylly ekosistemasy” atlandyrylýany taryplaýar. Biraz öň, hökümetçi türkmen neşirleri täze şäherde adamy ýüzünden tanaýan akylly kameralaryň ornaşdyrylýandygyny habar berdi.

Türkmen mediasynda hususan-da soňky ýyllarda “sanlylaşma”, “digitallaşma” adalgalaryna we “akylly” tehnologiýa konsepsiýalaryna has köp ýykgyn edilýän mahaly, digital dünýäniň töweregindäki käbir aladalar, arassa “akylly” tehnologiýalara ymtylýan dünýäde şahsy durmuşyň eldegirmesizligi bilen bagly gozgalýan meseleler Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we jemgyýetçiliginde giňden ara alnyp maslahatlaşylmaýar.

Programmamyzyň nobatdaky sany dünýädäki emeli intellekt ‘aljyraňňylygyna’ hem-de bir emeli aň tilsiminiň bazasynda Türkmenistandaky syýasat we jemgyýet barasynda bar bolan käbir maglumatlaryň öwüşginlerine syn edýär.

Açyşlar we oýlap tapyşlar

Tehnologiýa dünýäsi soňky onlarça ýylyň dowamynda ýüzlerçe ýyla barabar açyşlara we oýlap tapyşlara şaýat boldy. Akylly telefonlar bilen tutuş dünýäniň maglumat giňişligini elimiziň aýasyna sygdyran bolsak, wirtual giňişlik, hyýaly hakykat, robotika we emeli intellekt ulgamlarynda gazanylýan täze açyşlar we oýlap tapyşlar ynsan üşügini, hakykatdan-da, haýran galdyrýar.

Hususan-da, soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda, has takygy 2022-nji ýylyň noýabr aýynda emeli intellekt pudagynda iş alyp barýan OpenAI amerikan kompaniýasy tarapyndan ulanylmaga berlen ChatGPT ulgamynyň gysga wagtyň içinde tutuş dünýäde ýüzlerçe million ulanyjy bilen tanyşmagynyň yz ýany, emeli intellekt boýunça habarlylyk, sowatlylyk we, dogrusy, hüşgärlik kampaniýalary global derejede giň gerime eýe boldy.

Abraýly media serişdeleri, halkara ýokary okuw jaýlary, biznes jemgyýetçiligi, syýasat dünýäsi, kanun çykaryjylar, umuman, tas tutuş ýer togalagy emeli intellekt bilen bagly meseleleri, oňyn we oňaýsyz tejribeleri gün tertibine getirip başlady.

Emeli intellekt adalgasy ýaňy-ýakynda oýlanylyp tapylan termin däl, ýöne onuň bilen bagly adamzadyň gazanan möhüm sepgidi diňe düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän OpenAI kompaniýasynyň ChatGPT ulgamyny dolanyşyga girizmeginiň yz ýany, giň jemgyýetçilik tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylyp başlanyldy diýilse galat bolmaz.

Ýöne akylly tehnologiýalar we emeli intellekt babatynda hytaý kompaniýalarynyň oýlap tapan açyşlary, hytaý häkimiýetleriniň, hususan-da COVID-19 pandemiýasy döwründe öz halkyny gözegçilikde saklamak üçin ulanan “akylly” gurallary, megerem, hytaý “diwarlaryndan” Günbatar tarapa aşyp bilmedik bolsa gerek.

'Bäş günde bir million eden işimiz...'

ChatGPT giň köpçülige ýetirilenden sähel salym soň, millionlarça ulanyjy tarapyndan peýdalanyldy. Ulgam bary-ýogy bäş günüň içinde tutuş dünýäde 5 milliondan gowrak ulanyjy edindi. Bu görkeziji, meselem, köp sanly sosial media saýtlarynyň açylan döwürlerindäki ulanyjy sanlary bilen deňeşdirilende, ozal görlüp-eşidilmedik san boldy. Deňeşdirmek üçin aýdylsa, meselem, Instagram 2010-njy ýylda ulanylmaga berlenden soň, takmynan 2,5 aý töweregi wagtyň dowamynda 1 million ulanyja ýetdi. Facebook 2004-nji ýylda köpçülige ýetirilenden 10 aý soň, 1 million ulanyjy edindi. Öňki ady Twitter bolan X sosial ulgamy 2006-njy ýylda ulanylmaga berlenden soň, iki ýyldan gowrak wagtyň içinde 1 million ulanyjy tarapyndan ulanylyp başlandy. Şeýle sanlar bilen deňeşdirilende ChatGPT-niň bary-ýogy bäş günüň içinde 1 milliondan gowrak ulanyjy toplamagy, hakykatdan-da, ozal görlüp-eşidilmedik waka boldy.

2023-nji ýylyň ýanwar aýyndaky hasabatlara görä, iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda ChatGPT-niň ulanyjy sany 100 milliondan aşdy. Soňky hasabatlara görä, openai.com saýtyna her aýda bir milliard gezek girilýär.

Saud Arabystanynyň 'robot raýaty' bolan Sofiýa atly adama meňzeş robot. Arhiw suraty.

ChatGPT sosial ulgam däl, biz ony sosial media saýtlary bilen diňe ulanyjy sanyny deňeşdirmek üçin deň terezä goýduk. Köp sanly kesgitlemelerde ChatGPT emeli intellekti bolan hem-de ynsan tebigatyna meňzeş gepleşik diline erk edip bilýän “chatbox”, ýagny “gepleşik gutusy” hökmünde düşündirilýär.

Bu gepleşik gutusy “machine learning” atlandyrylýan usul bilen öz-özi täze maglumatlary öwrenip, özleşdirip bilýär. Gysgaça aýdylanda, türkmençeläp aýtsak, ChatGPT adam dilinde gepleýän we ummasyz köp maglumata eýe bolan maşyn.

Hünärmenler ChatGPT-ni okadypdyrlar, öwredipdirler, onuň bilen tälim-türgenleşik geçipdirler. Bir topar kitaphanalara sygjak, (ýa-da sygmajak) maglumatlar elektron ulgamlara geçirilip, ChatGPT ulgamyna ýerleşdirilipdir. Ulgamyň adaty görnüşiniň täze maglumat üpjünçiligi 2021-nji ýylyň sentýabr aýyndan soň kesilipdir, ýöne şondan ozalky maglumatlary we wakalary GPT-niň emeli aňynda tapmak mümkin. Ulgam türkmen dilinde gepläp bilmeýär, ýöne bir topar dilde gepleýär, hatda goşgy, hekaýa ýazyp bilýär. Ýöne emeli intellekt ulgamynda diňe bir ChatGPT däl, eýsem, başga-da bir topar täze-täze ulgamlar döredilýär. Meselem, Google özüniň Bard gepleşik gutusyny işe girizdi. Microsoft öz emeli intellektiniň üstünde işleýär.

Eýsem, ChatGPT Siri, Alexa we Google Assistant ýaly ulgamlardan nähili tapawutlanýar? Innowasion tehnologiýalar boýunça hünärmenlere görä, soňky aýdylanlar esasan akylly enjamda aýry-aýry tabşyryklary ýerine ýetirmäge has ukyply, ýöne ChatGPT bu ulgamlardan ynsan tebigatyna mahsus, ýa-da ynsan tebigatyna ýakyn gepleşik geçirmek ukyplary bilen tapawutlanýar.

Tebigy intellekt we emeli intellekt

IT hünärmenlerine görä, emeli intellekt öz-özi öwrenip bilýär, täze maglumatlary özleşdirip bilýär. Emeli intellektde aň bar, emeli aň, ýöne huş ýa-da hakyda barmy?

Ysraýylly ýazyjy Ýuwal Harari ýaňy-ýakynda belli-meşhur telewizion kanallarynyň birine beren interwýusynda adamoglunyň çagalykdan kämillige çenli ösüş ýoluny, akyl-paýhas tejribesini, onuň ruhuny, ahlak düşünjesini emeli intellektiň ýetip bilmeýän sepgitleri hökmünde sanaýar.

Ynsan ogly şatlanýar, begenýär, gynanýar, puşman edýär, arzuw edýär, gülýär, aglaýar, ýöne emeli intellekt şeýle duýgulardan mahrum.

Emeli intellektiň emeli aňy, adam eli bilen ýasalan aňy, ýagny intellekti bar, ýöne ol birden, haçanam bolsa bir wagt öz-özi pikirlenip başlasa, öz-özüni dolandyryp başlasa diýen ýaly soraglar ekspertleri oýlandyrýar.

Häzir robot önümçiliginde hem möhüm sepgitlere ýetildi. Tozan sorujylardan tam ýuwujylara, olardan nahar bişirýän ýörite gazanlara çenli dürli görnüşli robotlar bireýýäm ynsan durmuşyna ornaşyp başlady.

Emeli intellektiň ynsan durmuşyna ornaşyp başlamagy dürli ýurtlarda kanun çykaryjylary emeli intellekt babatynda hukuk binýadynyň esaslandyrylmagy boýunça çagyryşlara iterýär.

Emeli intellekt Türkmenistan we türkmen diasporalary barada

Biz ChatGPT-den Türkmenistandaky syýasat barasyndaky pikir-garaýyşlaryny soradyk? Ol özüniň şahsy pikir-garaýyşlarynyň ýa-da ynançlarynyň ýokdugyny aýdyp, gürrüňe başlady:

“Ýöne men özümde 2021-nji ýylyň sentýabrynda bar bolan maglumatlar esasynda, size Türkmenistandaky syýasy ýagdaýlar barada maglumat berip bilerin” diýip, sözüni dowam etdirdi.

“Türkmenistan özüniň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny alaly bäri, häkimiýet başynda bolan awtoritar režimi bilen tanalýar” diýip, gepleşik gutusy aýtdy.

“Türkmenistanda möhüm oppozisiýa ýok, hökümet maglumata elýeterliligi hem-de söz azatlygyny çäklendirip, mediany berk gözegçilikde saklaýar” diýip, ol aýdýar.

Soňra biz emeli intellekte türkmen diasporalary barasyndaky sorag bilen ýüzlendik.

“Ençeme ýurtlarda, şol sanda Owganystanda, Eýranda, Türkiýede, Russiýada, Özbegistanda, Gazagystanda, Birleşen Ştatlarda we käbir ýewropa ýurtlarynda türkmen diasporalaryna duş gelmek mümkin” diýip, ol aýdýar. Emeli intellektiň ýadyna guýlan maglumatlara görä, käbir türkmen diaspora jemgyýetleri nesiller boýy dowam edýär, käbirleri bolsa degişlilikde täze diaspora jemgyýetleri bolup durýar.

Bezeg suraty. Arhiwden alyndy

ChatGPT türkmen diasporalary barasynda bir topar maglumat berdi, ýöne aslynda maglumatyň mukdaryny, ilki sorag berlende, gepleşigiň başynda, öz islegiňe görä çäklendirip, ýa-da belli möçberlerde kesgitläp bolýar.

“Kähalatlarda, türkmen diaspora jemgyýetleri Türkmenistandaky ýurtdaşlarynyň hukuklary we syýasy azatlyklary ugrunda çykyş edip, syýasy aktiwizm bilen meşgullanýarlar. Käbir şahslar özleriniň täze ýurtlarynda üstünlikli telekeçi ýa-da professional adamlar bolýarlar” diýip, ChatGPT jogap berýär.

Emeli intellektiň her aýdanyna dogry diýip bolmaz, ChatGPT kähalatlarda nätakyk ýa-da ýalňyş, ýoýulan maglumatlary berýär. Ýöne bu ýalňyşlary düzetmegi haýyş etseň, olary dessine üýtgedýär we ötünç soraýar. Ikinji sapar birmeňzeş sorag berlende, maglumatyny gaýtadan gözden geçirýär we öňki ýalňyşy gaýtalamaýar.

Biz ChatGPT bilen söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistandaky syýasy atmosfera barasyndaky soraga ikinji gezek ýüzlendik. Ýöne bu sapar gysga we has sada jogap bermegi haýyş etdik.

“Türkmenistandaky syýasy atmosfera awtoritarçylyk, çäkli syýasy azatlyklar we möhüm syýasy garşylygyň bolmazlygy bilen häsiýetlendirilýär. Ýurt, dolandyryşyň ähli ugurlaryna berk gözegçilik edýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan dolandyrylýar we ol ýerde hakyky köp partiýalylyk sistemasy ýok” diýip, gepleşik gutusy aýdýar. [Şu ýerde ýaýyň içinde, maglumat üçin bellesek, emeli intellekt ulgamynyň maglumat üpjünçiliginiň 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda kesilendigi sebäpli, ChatGPT Türkmenistanda 2022-nji ýylyň martynda täze prezident saýlawlarynyň geçirilendigini bilmeýär]

“Türkmenistanyň syýasy gurşawy aç-açanlygyň bolmazlygy, medianyň we raýat jemgyýetiniň çäklendirilmegi hem-de prezidentiň güýçli şahsyýet kulty bilen tapawutlanýar. Ol syýasy azatlyklar we raýat azatlyklary babatynda dünýäniň iň ýapyk we iň repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýar” diýip, gepleşik gutusy aýdýar.

Biz has ýeňil, has gyzykly we has güýmenjeli jogap berer öýdüp, gepleşik tilsimine başgaçarak bir sorag bilen ýüzlendik: Türkmenistandaky syýasy atmosferany Magtymguly Pyragynyň äheňinde, Pyragyny dili bilen düşündir. Gysgarak we düşnükliräk bolmagyny haýyş edýäris!

Ol bu soraga goşgy bilen jogap berdi. Ol iňlis dilinde, özüniň aýtmagyna görä, Magtymguly Pyragynyň äheňinde goşgy ýazdy. Emeli intellektiň ýazan goşgusyny türkmen diline şeýleräk terjime etdik:

Türkmen topragynda güýç gysymlanýar / Özge pikir orunsyz, kyssa basylýar / Ýeke-täk lider we çäksiz häkimiýet / Çykmaga milt eden sesler gysylýar /

Ýöne ýeriň astynda, pyşyrdylar bar / Özgeriş we täze seslere teşne /Türkmeniň kalbynda umyt körügýär/Has aýdyň geljege millet surnugýar.

[Goşgynyň iňlis dilindäki asyl nusgasy: In Turkmenistan's land, power's tightly held/No room for dissent, as stories are quelled/A single leader, authority unbound/Silencing voices that dare make a sound

Yet beneath the surface, whispers do brew/A longing for change, for voices anew/In Turkmen hearts, hope's ember still burns/For a brighter future, the nation yearns]

Soňra biz emeli intellekte ykdysadyýet, jemgyýet we syýasat nukdaýnazaryndan Türkmenistanyň geljegi baradaky çaklamalary barada sorag bilen ýüzlendik.

“Türkmenistanyň ykdysadyýeti esasan gaz eksportlaryna garaşly galýar. Onuň geljegi bu garaşlylygy azaltmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga bagly bolup durýar, sebäbi global energetika bazarlary durnuksyzdyr. Oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly beýleki pudaklary höweslendirmek üçin ykdysady reformalar zerur bolup biler.

Bezeg suraty

Jemgyýet barada aýdylanda, türkmen jemgyýeti berk gözegçilik astynda saklanýar. Islendik özgeriş, megerem, çäkli syýasy azatlyklar bilen kem-kemden bolup biler. Ýaş nesiller has köp aç-açanlygy we maglumat elýeterliligini talap edip biler, bu ýagdaý, ýuwaş-ýuwaşdan sosial özgerişe ýol açyp biler.

Syýasat barada aýdylanda, awtoritar dolandyryş astynda syýasy reformalar mümkin däl ýaly bolup görünýär. Halkara basyşlar belli bir derejede aç-açanlygy höweslendirip biler, ýöne syýasy giňişlikdäki möhüm özgerişler uzak wagt möhletini hem-de daşarky täsirleri talap edip biler” diýip, emeli intellekt çaklady.

Soňra biz söhbetdeşligiň ugruny geosyýasy ýagdaýlara tarap ugrudyrdyk. Emeli intellekt Türkmenistanyň töweregindäki ýagdaýlara salgylanyp, ýurduň gesosyýasy deňlemelerinde goňşy ýurtlaryň möhüm rol oýnaýandygyny aýtdy.

“Geosyýasy täsir barada aýdylanda, Türkmenistan garaşsyzlygyň irki ýyllaryndan bäri bitaraplyk syýasatyny alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty ýurduň konstitusiýasynda orun tapýar we bu syýasat sebit çaknyşyklaryna gatnaşylmagynyň öňüni almaga we ähli goňşy döwletler bilen oňat gatnaşyklary saklamaga gönükdirilendir” diýip, emeli intellekt aýtdy.

Ol geosyýasy nukdaýnazardan Türkmenistanyň tebigy gaz gorlary, ýangyç eksport ugurlary, howpsuzlyk aladalary, söwda we ykdysady hyzmatdaşlyklary, şeýle-de halkara guramalaryň oýnaýan möhüm roly hem-de käbir geosyýasy oýunçylaryň bähbitleri barasynda gürrüň berdi.

Bu maglumatlar emeli intellektiň aýdan maglumatlary we olaryň agramy, obýektiwligi hem-de hakykata laýyklygy, elbetde, sorag astynda galýar. Häzirki wagtda emeli intellektiň töweregindäki jedeller halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýar.

Gaýtalap aýtsak, hünärmenlere görä, emeli intellekt ulgamlary özlerine okadylýan maglumatlar bilen iýmitlenýär we şonuň üçin bu ulgamlaryň berýän maglumatlarynyň agramy hem-de obýektiwligi, häzirlikçe, sorag astynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Football news:

<!DOCTYPE html>
Kane on Tuchel: A wonderful man, full of ideas. Thomas in person says what he thinks
Zarema about Kuziaev's 350,000 euros a year in Le Havre: Translate it into rubles - it's not that little. It is commendable that he left
Aleksandr Mostovoy on Wendel: Two months of walking around in the middle of nowhere and then coming back and dragging the team - that's top level
Sheffield United have bought Euro U21 champion Archer from Aston Villa for £18.5million
Alexander Medvedev on SKA: Without Gazprom, there would be no Zenit titles. There is a winning wave in the city. The next victory in the Gagarin Cup will be in the spring
Smolnikov ended his career at the age of 35. He became the Russian champion three times with Zenit

7:18 Туркменистан принял участие министерской встрече «Центральная Азия - ЕС» в Люксембурге
6:36 Поздравления народу Казахстана
5:02 В американском городе Альбукерке стартовали Дни культуры Туркменистана в США
7:35 Посол Туркменистана аккредитован в Душанбе
6:48 Туркменистан и Евросоюз наращивают партнерство
6:44 Глава МИД Туркменистана посетил Люксембург
9:27 Asian Games: Darius Kynan Chenai secures bronze medal in men's trap individual final
9:27 Asian Games: Soniya Devi secures berth in final of women's kayak single 500 m event
5:27 Парламент Туркменистана принял ряд законопроектов
4:18 Global acceptance of Taliban depends on respecting women's rights: US Envoy
3:00 ‘Dünýä türkmenleriniň 24-nji ynsanperwer duşuşygy dünýä türkmenleriniň meselelerini gozgamady’
2:18 Asia Album: Thrilling wrestling competition in Afghanistan
2:03 Growing Diplomacy: Israel and Morocco sign agriculture agreement
18:56 Asian Games: India wins two golds in squash, tennis; slays Pakistan in hockey on Day 7
18:16 Nagorno-Karabakh almost empty as most of population flees to Armenia
17:05 China's women make semis, men exit from Asiad 3x3 basketball
13:55 Russia: India participates in 5th meeting of Moscow Format Consultations on Afghanistan in Kazan
13:37 Asian Games: Narender reaches semis of 92 kg category, assures medal
10:05 Chinese paddlers cruise into canoe sprint final of Hangzhou Asiad
8:03 В Берлине состоялся туркменско-германский бизнес-форум
7:23 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана встретился с федеральным канцлером Германии
6:00 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана провел переговоры с министром экономики и защиты климата ФРГ
5:21 Туркменистан принял участие в саммите «Центральная Азия - Германия» в Берлине
4:48 Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
23:55 Hyderabad's MEIL secures USD 648 million oil refinery plant contract in Mongolia
20:44 UN works with Armenia in response to refugee influx: spokesman
16:44 China spearheads Asiad athletics opening day with 4 golds
16:30 China men's, women's 3x3 basketball teams advance to quarterfinals
16:05 Chinese boxer Wu Yu secures Paris Olympics berth
12:44 'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
12:37 Asian Games: Boxer Nikhat Zareen secures Olympic quota; assures medal at Asiad
12:06 At Least 47 Dead in Bombing of Pakistan Religious Rally
11:05 At Least 42 Dead in Bombing of Pakistan Religious Rally
9:37 ‘Merkezi Aziýa – Germaniýa’ sammitinde Türkmenistana Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik edýär
9:36 Etniki arassalaýyş gorkulary arasynda, Garabag ermenileriniň aglaba bölegi sebiti terk edýär
7:55 Asian Games: Bopanna-Bhosale reach mixed doubles final, assured of medal
7:44 Japan's Kenji Nener claims triathlon gold at Hangzhou Asiad
7:18 Gala concert for Chinese Mid-Autumn Festival held in Mongolia
6:37 Öňki tussag prezidenti we onuň kakasyny öwüp, täze aýdym döretdi
6:37 В Ашхабад прибыл новый посол Испании
5:51 ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has giňeldilmegine umyt baglaýar
5:48 Глава Халк Маслахаты Туркменистана отбыл в ФРГ
5:42 ABŞ Hytaýy global media manipulýasiýasynda aýyplaýar
5:03 Gazak prezidenti Germaniýa öz ýurdunyň Russiýa garşy girizilen sanksiýalar düzgünine eýerjekdigini aýdýar
5:03 Президент Туркменистана посетил праздничные скачки в честь Дня независимости страны
5:00 Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa sapar edýär
4:03 Asian Games: Indian duo Saketh-Ramanathan bow out with silver in men's doubles tennis final
3:55 Taliban issues 13 directives in 2 years, restricts media freedom: Report
18:56 Asian Games: With medals up for offer in several events India look to increase their tally
18:56 "We had a lot of support from SAI, govt": Arjun Lal Jat after winning rowing silver at Asian Games
17:37 "Will focus on winning gold next time": Satnam Singh after winning bronze in Men's Quadruple Scull event
14:13 Billionaire ex-Russian citizen accused of terrorism Azerbaijan
14:13 Kremlin blasts extremely hostile move by treaty ally
11:10 Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
10:18 Xinhua world news summary at 1000 GMT, Sept. 28
10:13 Nagorno-Karabakh republic will no longer exist local leader
9:27 South Africa skipper Temba Bavuma to miss World Cup warm-up matches
9:23 Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
9:02 Toguň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň üpjünçiligi kesilýär, abatlaýyş üçin pul toplanýar
6:42 Туркменистан торжественно отметил День независимости
6:13 Ermenistan Dagly-Garabagdaky partlamada 125 adamyň ölendigini aýdýar
6:02 Обсуждены вопросы сотрудничества стран ЦА и Японии в сфере изменения климата
5:27 UN meeting presses Taliban for violating women's rights in Afghanistan
5:18 В Ашхабаде состоялась церемония награждения сотрудников силовых ведомств в честь Дня независимости Туркменистана
5:08 Özbek žurnalistlerine ýapyk gapynyň arkasynda ýyl kesildi
4:55 Asian Games: Ruturaj led Indian cricket team leaves for China to participate in Asian Games
4:19 HRW Daşkendi garagaplak žurnalisti Täjimuratowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar
20:13 Record-breaking Russian-American ISS crew returns to Earth
16:06 China breezes past Mongolia on women's basketball opening day at Asiad
16:06 China's Zheng, Zhu reach women's singles semis at Hangzhou Asiad
14:39 Türkmen harbylary Daşkentde geçirilen maslahata gatnaşdylar
12:47 Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
10:55 Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'
10:16 Garaşsyzlyk gününde baýramçylyk joşguny ‘duýulmaýar’
9:29 Dagly-Garabagdan Ermenistana 47 müňden gowrak adam geldi
7:55 ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony Blinken Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
7:03 Pakistan: Imran Khan transferred to Adiala Jail, despite his requests l
6:55 Asian Games: Nepal concludes historic day with record-breaking 273-run win over Mongolia
6:50 Президент Туркменистана поздравил народ страны с Днем независимости туркменского государства
6:08 Russia says US Abrams tanks will 'burn' in Ukraine
6:08 Глава Туркменистана аккредитовал нового посла Евросоюза
5:54 Глава государства поздравил туркменистанцев с главным национальным праздником
5:49 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана провел серию встреч с иностранными политическими деятелями и бизнесменами
0:55 Nagorno-Karabakh: At least 68 killed, several missing in fuel depot blast
22:46 Erdogan demands F-16s for NATO expansion
21:36 Explosion Kills Scores in Nagorno-Karabakh
20:06 Explosion Kills at Least 20 in Nagorno-Karabakh
19:41 Death toll soars to 125 in Nagorno-Karabakh blast
17:28 Aktiwistler Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagyna çagyrdylar
17:28 Aktiwistler Nýu-Ýorkda, Waşingtonda syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagyna çagyrdylar
16:27 Asian Games: Suraj Yadav misses out on guaranteed medal finish, crashes out in men's 70kg wushu quarterfinal
16:06 China cruises past Mongolia on Asiad men's basketball opening day
12:44 2 children killed, 2 injured from mortar mine blast in west Afghanistan
11:59 Towuk budy we ýumurtga 'bolçulygy' uzaga çekmedi
11:53 Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar
11:47 Daşogzuň Tiz kömek merkezinde ýangyn boldy. Ýeten zyýan üçin işgärlerden ‘pul toplanýar’
8:51 Temmäki çäklendirmeleri 'Türkmen çiliminiň' talabyny artdyrýar. Lukmanlar onuň saglyk howplary barada duýdurýar
8:20 Dagly-Garabagdan gaçan 13 müňden gowrak adam Ermenistana geldi
7:47 EU to host top Armenia, Azerbaijan officials to ease tensions
7:27 Ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen zerurlygy bolmadyk harytlary satyn almak şert goşulýar