Türkmenistanda käbir rus telekanallary elýetersiz boldy

Türkmenistanda Russiýanyň ençeme, şol sanda “Rossiýa 1” we “Zwezda” telekanallarynyň ýaýlymy elýetersiz boldy. Bu telekanallar ýurduň ygtyýarlandyrylan aragatnaşyk operatorlarynyň biri bolan “Aşgabat şäher telefon ulgamy” (AŞTU) ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýaýlyma berilýärdi.

Şol bir wagtda, IP týuner arkaly 85-nji gradusda ýerleşýän Intelsat emeli hemra arkaly tomaşa edilen bu kanallar, görnüşinden, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýaýlymdan aýrylman, bu käbir rus kanallarynyň emeli hemra arkaly hödürlenýän kanallaryň sanawyndan çykarylmagy bilen bagly.

Bellesek, rus basybalyjy güýçleriniň Ukraina çozmagyndan soň, birtaraplaýyn maglumatlary berýän we gazaplylygy öjükdirmekde aýyplanýan Russiýanyň käbir habar serişdelerine, şol sanda žurnalistlerine garşy halkara sanksiýalar girizilipdi.

“Häzirki zaman” telekanalynyň Russiýanyň “Interfaks” habar agentligine salgylanyp berýän maglumatyna görä, AŞTU rus telekanallarynyň petiklenilmegini “daşary ýurt emeli hemralarynda ähli rus telekanallarynyň ýaýlyma berilmeginiň çäklendirilmegi” bilen düşündirdi.

“Biz häzirki wagtda ätiýaç ýaýlymy ýola goýmagyň üstünde işleýäris, şondan soň ýaýlym doly dikeldiler” diýip, TW ekranlarynda peýda bolýan bildirişde aýdylýar.

Metbugat azatlygy boýunça dünýäniň iň ýaramaz ýurtlarynyň biri Türkmenistanda daşary ýurt telekanallarynyň ýaýlymy kabel TW ýa-da IPTW arkaly alnyp görkezilýär. Bu hyzmatlar ýerli aragatnaşyk operatory tarapyndan hödürlenýär we Türkmenistandaky ýagdaýlar barada garaşsyz maglumat berip biläýjek kanallar, häkimiýetleriň görkezmesi esasynda, berk çäklendirilýär.

Azatlygyň habarçylary Intelsat emeli hemra arkaly 260 töwerek kanalyň hödürlenýändigini, onuň bir ýyllyk sada bukja töleginiň 450 manada, VIP bukja abuna töleginiň hem 500 manada deňdigini aýtdylar.

Şol bir wagtda, habarçylarymyzyň maglumatyna görä, häzirki wagtda häkimiýetler TürkmenÄlem 52°E satellit arkaly ýaýlymlary hödürleýän “Älem TV” hyzmatyny giňden ilerletmegi maksat edinýärler.

“Älem TV” arkaly 120 töweregi kanal hödürlenýär. Türkmen kanallary mugt. Galan kanallary görüp bilmek üçin sada bukja üçin ýyllyk 550 manat, VIP bukja üçin hem 600 manat tölemeli. Munuň Intelsata görä has gymmat bolmagyna hem garamazdan, hödürlenýän kanallaryň sanawy az we hili ýaramaz. Ip týuner üçin kart almaga baranymyzda, ýerli hünärmenler häkimiýetleriň mundan beýläk diňe ‘Älem TV’ bukjalaryny satmak barada görkezme berendiklerini aýdýarlar” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri gürrüň berdi.

Mundan öň, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky garaşsyz maglumat akymyny çäklendirmek ugrundaky tagallalarynyň çäginde, çanak antennalaryna garşy hem ýiti göreş alyp barypdylar. Hukuk toparlary türkmen hökümetiniň bu mejbury talaplaryny tankytladylar.

Bu aralykda, Azatlygyň sebitdäki habarçylary çetdäki şäherdir obalarda bu mejbury işleriň ýene gaýtadan güýçlendirilendigini belleýärler.

“Balkanyň şäherdir obalarynda, şol sanda Türkmenbaşyda we Balkanabatda çanak antenalary mejbury aýyrdylýar. Ýerli resmiler diňe döwletiň tassyklan kanallaryna tomaşa etmelidigini aýdýarlar. Raýatlar satellitler arkaly, şol sanda Azatlyk Radiosyny hem diňleýärdiler” diýip, balkanabatly ýaşaýjylaryň biri 30-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

“Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Metbugat azatlygy boýunça çap eden soňky hasabatynda Türkmenistan dünýäniň 180 ýurdunyň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirildi.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistanyň döwlet baştutany öz geçirýän hökümet mejlislerinde hemişe “işlemek üçin ähli şert döredilen” metbugat wekilleriniň ýurtda “gazanylan ägirt uly üstünlikleri” ýeterlik beýan edip bilmezliginden nägile bolup, ýygy-ýygydan metbugat ýolbaşçylaryny, şol sanda medeniýete we habar serişdelerine gözegçilik edýän orunbasaryny hem täzeläp durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Football news:

<!DOCTYPE html>
Kane on Tuchel: A wonderful man, full of ideas. Thomas in person says what he thinks
Zarema about Kuziaev's 350,000 euros a year in Le Havre: Translate it into rubles - it's not that little. It is commendable that he left
Aleksandr Mostovoy on Wendel: Two months of walking around in the middle of nowhere and then coming back and dragging the team - that's top level
Sheffield United have bought Euro U21 champion Archer from Aston Villa for £18.5million
Alexander Medvedev on SKA: Without Gazprom, there would be no Zenit titles. There is a winning wave in the city. The next victory in the Gagarin Cup will be in the spring
Smolnikov ended his career at the age of 35. He became the Russian champion three times with Zenit

7:18 Туркменистан принял участие министерской встрече «Центральная Азия - ЕС» в Люксембурге
6:36 Поздравления народу Казахстана
5:02 В американском городе Альбукерке стартовали Дни культуры Туркменистана в США
7:35 Посол Туркменистана аккредитован в Душанбе
6:48 Туркменистан и Евросоюз наращивают партнерство
6:44 Глава МИД Туркменистана посетил Люксембург
9:27 Asian Games: Darius Kynan Chenai secures bronze medal in men's trap individual final
9:27 Asian Games: Soniya Devi secures berth in final of women's kayak single 500 m event
5:27 Парламент Туркменистана принял ряд законопроектов
4:18 Global acceptance of Taliban depends on respecting women's rights: US Envoy
3:00 ‘Dünýä türkmenleriniň 24-nji ynsanperwer duşuşygy dünýä türkmenleriniň meselelerini gozgamady’
2:18 Asia Album: Thrilling wrestling competition in Afghanistan
2:03 Growing Diplomacy: Israel and Morocco sign agriculture agreement
18:56 Asian Games: India wins two golds in squash, tennis; slays Pakistan in hockey on Day 7
18:16 Nagorno-Karabakh almost empty as most of population flees to Armenia
17:05 China's women make semis, men exit from Asiad 3x3 basketball
13:55 Russia: India participates in 5th meeting of Moscow Format Consultations on Afghanistan in Kazan
13:37 Asian Games: Narender reaches semis of 92 kg category, assures medal
10:05 Chinese paddlers cruise into canoe sprint final of Hangzhou Asiad
8:03 В Берлине состоялся туркменско-германский бизнес-форум
7:23 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана встретился с федеральным канцлером Германии
6:00 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана провел переговоры с министром экономики и защиты климата ФРГ
5:21 Туркменистан принял участие в саммите «Центральная Азия - Германия» в Берлине
4:48 Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'
23:55 Hyderabad's MEIL secures USD 648 million oil refinery plant contract in Mongolia
20:44 UN works with Armenia in response to refugee influx: spokesman
16:44 China spearheads Asiad athletics opening day with 4 golds
16:30 China men's, women's 3x3 basketball teams advance to quarterfinals
16:05 Chinese boxer Wu Yu secures Paris Olympics berth
12:44 'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
12:37 Asian Games: Boxer Nikhat Zareen secures Olympic quota; assures medal at Asiad
12:06 At Least 47 Dead in Bombing of Pakistan Religious Rally
11:05 At Least 42 Dead in Bombing of Pakistan Religious Rally
9:37 ‘Merkezi Aziýa – Germaniýa’ sammitinde Türkmenistana Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik edýär
9:36 Etniki arassalaýyş gorkulary arasynda, Garabag ermenileriniň aglaba bölegi sebiti terk edýär
7:55 Asian Games: Bopanna-Bhosale reach mixed doubles final, assured of medal
7:44 Japan's Kenji Nener claims triathlon gold at Hangzhou Asiad
7:18 Gala concert for Chinese Mid-Autumn Festival held in Mongolia
6:37 Öňki tussag prezidenti we onuň kakasyny öwüp, täze aýdym döretdi
6:37 В Ашхабад прибыл новый посол Испании
5:51 ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has giňeldilmegine umyt baglaýar
5:48 Глава Халк Маслахаты Туркменистана отбыл в ФРГ
5:42 ABŞ Hytaýy global media manipulýasiýasynda aýyplaýar
5:03 Gazak prezidenti Germaniýa öz ýurdunyň Russiýa garşy girizilen sanksiýalar düzgünine eýerjekdigini aýdýar
5:03 Президент Туркменистана посетил праздничные скачки в честь Дня независимости страны
5:00 Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa sapar edýär
4:03 Asian Games: Indian duo Saketh-Ramanathan bow out with silver in men's doubles tennis final
3:55 Taliban issues 13 directives in 2 years, restricts media freedom: Report
18:56 Asian Games: With medals up for offer in several events India look to increase their tally
18:56 "We had a lot of support from SAI, govt": Arjun Lal Jat after winning rowing silver at Asian Games
17:37 "Will focus on winning gold next time": Satnam Singh after winning bronze in Men's Quadruple Scull event
14:13 Billionaire ex-Russian citizen accused of terrorism Azerbaijan
14:13 Kremlin blasts extremely hostile move by treaty ally
11:10 Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
10:18 Xinhua world news summary at 1000 GMT, Sept. 28
10:13 Nagorno-Karabakh republic will no longer exist local leader
9:27 South Africa skipper Temba Bavuma to miss World Cup warm-up matches
9:23 Häkimiýetler Mawlid baýramy sadakalary üçin telekeçilere azyk, pul 'salgydyny' saldy
9:02 Toguň töleglerini geçirmedik hojalyklaryň üpjünçiligi kesilýär, abatlaýyş üçin pul toplanýar
6:42 Туркменистан торжественно отметил День независимости
6:13 Ermenistan Dagly-Garabagdaky partlamada 125 adamyň ölendigini aýdýar
6:02 Обсуждены вопросы сотрудничества стран ЦА и Японии в сфере изменения климата
5:27 UN meeting presses Taliban for violating women's rights in Afghanistan
5:18 В Ашхабаде состоялась церемония награждения сотрудников силовых ведомств в честь Дня независимости Туркменистана
5:08 Özbek žurnalistlerine ýapyk gapynyň arkasynda ýyl kesildi
4:55 Asian Games: Ruturaj led Indian cricket team leaves for China to participate in Asian Games
4:19 HRW Daşkendi garagaplak žurnalisti Täjimuratowyň howpsuzlygyny üpjün etmäge çagyrýar
20:13 Record-breaking Russian-American ISS crew returns to Earth
16:06 China breezes past Mongolia on women's basketball opening day at Asiad
16:06 China's Zheng, Zhu reach women's singles semis at Hangzhou Asiad
14:39 Türkmen harbylary Daşkentde geçirilen maslahata gatnaşdylar
12:47 Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
10:55 Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'
10:16 Garaşsyzlyk gününde baýramçylyk joşguny ‘duýulmaýar’
9:29 Dagly-Garabagdan Ermenistana 47 müňden gowrak adam geldi
7:55 ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony Blinken Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
7:03 Pakistan: Imran Khan transferred to Adiala Jail, despite his requests l
6:55 Asian Games: Nepal concludes historic day with record-breaking 273-run win over Mongolia
6:50 Президент Туркменистана поздравил народ страны с Днем независимости туркменского государства
6:08 Russia says US Abrams tanks will 'burn' in Ukraine
6:08 Глава Туркменистана аккредитовал нового посла Евросоюза
5:54 Глава государства поздравил туркменистанцев с главным национальным праздником
5:49 Председатель Халк Маслахаты Туркменистана провел серию встреч с иностранными политическими деятелями и бизнесменами
0:55 Nagorno-Karabakh: At least 68 killed, several missing in fuel depot blast
22:46 Erdogan demands F-16s for NATO expansion
21:36 Explosion Kills Scores in Nagorno-Karabakh
20:06 Explosion Kills at Least 20 in Nagorno-Karabakh
19:41 Death toll soars to 125 in Nagorno-Karabakh blast
17:28 Aktiwistler Nýu-Ýorkda syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagyna çagyrdylar
17:28 Aktiwistler Nýu-Ýorkda, Waşingtonda syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagyna çagyrdylar
16:27 Asian Games: Suraj Yadav misses out on guaranteed medal finish, crashes out in men's 70kg wushu quarterfinal
16:06 China cruises past Mongolia on Asiad men's basketball opening day
12:44 2 children killed, 2 injured from mortar mine blast in west Afghanistan
11:59 Towuk budy we ýumurtga 'bolçulygy' uzaga çekmedi
11:53 Hor-homsy durmuş şertleri, güýçlendirilen häkimiýet gözegçiligi Garaşsyzlyk baýramyna kölege salýar
11:47 Daşogzuň Tiz kömek merkezinde ýangyn boldy. Ýeten zyýan üçin işgärlerden ‘pul toplanýar’
8:51 Temmäki çäklendirmeleri 'Türkmen çiliminiň' talabyny artdyrýar. Lukmanlar onuň saglyk howplary barada duýdurýar
8:20 Dagly-Garabagdan gaçan 13 müňden gowrak adam Ermenistana geldi
7:47 EU to host top Armenia, Azerbaijan officials to ease tensions
7:27 Ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen zerurlygy bolmadyk harytlary satyn almak şert goşulýar