Turkmenistan

Berdimuhamedow Türkmenabada sapar edýär

21-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkmenabada bardy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy saparyň çäklerinde Berdimuhamedowyň Türkmenabatda gurlup, ulanylmaga beriljek metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Ýatlasak, fewralyň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Türkmenabadyň köçelerinde jemagat hojalygynyň işgärleriniň arassaçylyk işlerini geçirýändigi barada habar beripdi.

Şonda Türkmenabadyň köçelerinde jemagat hojalygy edaralarynyň işgärleri köpçülikleýin ýagdaýda arassaçylyk işlerini geçirip, haşal otlary çapdylar we ýollarda bejeriş işlerini geçirdiler.

Bu işleriň çäginde Bitaraplyk köçesiniň ugrundaky köp gatly binalaryň ýol tarapyny, ýokarsyndan aşagyna çenli, ak reňke boýadylar. Köçäniň ugrundaky yşyklandyryş sütünlerindäki çyralar çalşyryldy. Suw çüwdürimler arassalanyp, olardaky näsazlyklar düzedildi.

Bu işlere welaýatyň Sakar, Saýat, Halaç, Farap, Serdarabat we Garaşsyzlyk etraplaryndan hem hojalyk işgärleri çekildi.

Döwlet metbugaty prezidentiň şu gün Türkmenabada edýän sapary barada heniz habar bermedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.