Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Serdar Berdimuhamedow birbada iki orunbasaryny täzeledi

TDH wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň, Çary Gylyjowyň, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadylandygyny habar berýär.

Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazowyň, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadylandygy habar berilýär.

Baş prokuror Batyr Atdaýew wezipesinden boşadyldy we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Baş prokuroryň wezipesi wagtlaýyn Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine Türkmenistanyň prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadylan Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

Wise-premýerlikden boşadylan E. Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy we täze bellenen wise-premýer A. Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesi wagtlaýyn Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewe ynanyldy.

Mundan başga, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç we soňky duýduryş berildi.