Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

“Soros-Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Milli howpsuzlyk komitetinde sorag edildi

“Soros -Gyrgyzystan” gaznasynyň müdiri Şamil Ibragimow Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugyna 2-nji iýunda Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetinde bolandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu ýörite gulluklaryň sülçüsi bilen geçirilen "maglumat duşuşygy" boldy.

“Bu biziň guramamyzyň ýerleşýän binasy barada maglumat almak boýunça guralan duşuşyk boldy. Olar goşmaça maglumat almak islediler. Men hemme zady aýtdym. Mesele şunuň bilen tamamlanar diýip pikir edýärin. Binanyň nähili ýol bilen alnandygyny soradylar. 24 ýyl bäri bu hili sorag berilmändi. Munuň näme üçin ýüze çykandygy entek belli däl” diýip, Ibragimow gürrüň berdi.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti bu mesele boýunça entek düşündiriş bermedi.

“Soros–Gyrgyzystan” gaznasy 1993-nji ýyldan bäri işleýär. Gaznany Jorj Sorosyň ýolbaşçylygyndaky “Açyk jemgyýet” instituty esaslandyrdy. “Açyk jemgyýet” gaznalarynyň tory dünýäniň 31 ýurdunda milli Soros gaznalaryny öz içine alýar.

“Soros–Gyrgyzystan” gaznasy dürli ugurlarda işleýän ýerli guramalara grant berýär. Bu gazna 1993-nji ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda 98 million 800 müň dollara grant berdi.