Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Aşgabatda zenanlaryň 'jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady' orny maslahatlaşylýar

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkony kabul etdi diýip, TDH 12-nji maýda habar berdi.

W.Matwiýenke Aşgabada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Parlamentara forumyna, sebitiň zenanlar dialogynyň mejlisine gatnaşmak üçin geldi. Bu çäreler Türkmenistanda häkimiýetleriň aýal-gyzlaryň hak-hukuklaryny we azatlyklaryny has kän çäklendirip başlandygy barada çykan habarlaryň giň ýaýran wagtyna gabat geldi.

Türkmen prezidenti duşuşykda Russiýa Federasiýasy bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, “Russiýa Federasiýasy hemişe ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşy boldy we şeýle bolmagynda-da galar” diýdi.

“Döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan uly goşandy” sebäpli, W.Matwiýenko Türkmenistanda “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen orden bilen sylaglandy.

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy şu gün, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň başlygy Gülşat Mämmedowanyň giriş sözi bilen açyldy.

Bu çäre «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» diýen at bilen geçirilýär.

Plenar mejlisi tamamlanandan soň, oňa gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň Dialogyna bagyşlanan sergi bilen tanşarlar diýip, TDH ýazýar.