Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Boris Jonson ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginde ýeňiş gazandy, ýöne...

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginde ýeňiş gazandy, ýöne ses berişlegiň netijeleri Konserwatiw partiýadaky çuň agzalaçylykdan habar berýär.

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson koronawirus pandemiýasynyň arasynda hökümet binalarynda geçirilen oturylyşyklaryň äşgär edilmegi bilen tutaşan ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginden aman aldy.

Jonson 6-njy iýunda geçirilen ses berişlikde 359 konserwatiw kanun çykaryjydan, 59 göterimlik ara tapawut bilen, 211 ses aldy. Munuň bilen, Jonson özüniň häkimiýetde galmagy üçin zerur bolan sada köplük sesinden has köp goldaw aldy.

Jonson öz işgärleri bilen hökümet edaralarynda, şol sanda Downing köçesindäki hökümet binasynda öz girizen COVID-19 çäklendirmelerini äsgermezçilik edip, gurnan oturylyşyklary baradaky maglumatlaryň üstüni örtmekde kynçylyk çekdi.

Bir topar parlament agzasynyň, 148 kanun çykaryjynyň, Jonsona garşy ses bermegi Konserwatiw partiýadaky agzalaçylykdan habar berýär.

Jonson üçin 59 göterimlik ara tapawut, özünden öň premýer-ministr bolan Tereza Meýiň 2018-nji ýylyň dekabryndaky ynamsyzlyk bildirmek ses berişliginden alan sesinden azdyr.