Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Gazagystan şeker eksportyny alty aýlap çäklendirmek kararyna geldi

Bu önümleriň ýetmezçiligi baradaky habarlar arasynda, Gazagystan 23-nji maýdan başlap, alty aýyň dowamynda ak şekeriň we çig gant şugundyry önümleriniň ýurtdan eksport edilmegini gadagan eder.

Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Erbola Karaşukeýewiň bu meselä degişli buýrugy 12-nji maýda, kadalaşdyryjy hukuk ýazgylarynyň web sahypasynda çap edildi.

"Ak şekeriň we çig gant şuhundyrynyň Gazagystan Respublikasynyň çäginden çykarylyp, eksport edilmegine alty aýlap gadaganlyk girizmeli" diýip, buýrukda aýdylýar.

Buýruk resmi taýdan çap edilenden 10 gün soň güýje girýär.

Gazagystanyň alkogolsyz içgileri öndürijiler birleşigi geçen hepde, şeker ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli, Söwda we integrasiýa ministrligine, Oba hojalygy ministrligine we “Atameken” milli telekeçiler palatasyna açyk hat ugratdy.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu kynçylyk rus hökümetiniň mart aýynda şeker önümleriniň ýurtdan çykarylmagyny gadagan etmegi sebäpli ýüze çykypdyr.