Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde ýollaryň birine öz atynyň adyny dakmagy teklip etdi

"Neýtral Türkmenistan" gazetiniň habaryna görä, Türkmenistanyň ozalky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz aty Akhanyň adyny Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezine öwrüljek täze şäheriň uly köçeleriniň birine dakmagy teklip edipdir.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň teklibi bilen şäherde Akhana şeýle-de ýadygärlik gurulmak planlaşdyryldy. Ýaşuly Berdimuhamedow täze gurulýan şähere sapar eden wagtynda ýadygärligiň guruljak köçesine hem Akhanyň hormatyna onuň adyny dakmagy teklip etdi.

Mundan öň Ahal sebitiniň täze dolandyryş merkezinde G. Berdimuhamedowyň atyna ýadygärlik gurmak barada hökümetiň karara gelendigi habar berlipdi.

Maý aýynyň başynda Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri täze gurulýan şähere öňki döwlet baştutanynyň hormatyna onuň resmi lakamy bolan Arkadag adyny dakmak kararyna gelnendigini habar berdiler. Ondan öň prezident Serdar Berdimuhamedow täze şäheriň adyny saýlamaga halkdan kömek soramaga çagyryş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde gurulýan täze şäheriň düýbüni prezident bolan döwründe 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde tutupdy. Şonda habar berilişine görä, bu ýerde 10 sany çagalar bagyny, 19 sany mekdebi, 400 töweregi ýaşaýyş jaýyny, 2 sany sungat mekdebini, Atçylyk boýunça ýokary okuw jaýyny, medeni binalary, şol sanda sirk we beýleki binalary gurmak göz öňünde tutulýar. Proýektiň bahasy resmi taýdan yglan edilmedi.

Özüni atşynas edip görkezýän öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy bilen ýurtda Ahal-Teke atynyň milli baýramy döredildi, ony apreliň soňky ýekşenbesinde bellemek 2018-nji ýylda karar edildi. Prezidentiň Akhan aty 2018-nji ýylda Ginnes rekordlar kitabyna girdi, ýagny onuň yz aýaklarynda 10 metri 4,19 sekuntda geçmegi üstünlik hökmünde hasaba alyndy.

Türkmenistanda atlaryň hukuklary we mümkinçilikleri kanunda göz öňünde tutulýar, olara pasport berilýär, at ölen halatynda döwlet tarapyndan ýörite bellenen at gonamçylygynda jaýlanýar. Döwlet sanawyna girizilen at ölse, kanuna görä, döwlet işgärleri haýwany soňky syýahatynda äkitmeli bolýarlar.

Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow itleri hem ileri tutuýar. 2020-nji ýylda Aşgabatda türkmen Alabaý tohum itine ýadygärlik guruldy. Ýadygärligiň taslamasy 2019-njy ýylyň noýabr aýynda tassyklandy. Heýkeliň umumy beýikligi 15 metr, dokuz metr onuň aşagyndaky binýadynyň beýikligi, itiň öz beýikligi bolsa alty metr. Bindýadyň daşynda töwerekleýin wideo ekranlary dikildi we tohum itleriň gatnaşmagyndaky wideolar görkezilýär.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen atlary we itleri köpeltmek boýunça ýörite birleşikler hem döretdi. Guramalaryň ikisine-de şol wagtky prezidentiň ogly we häzir döwlet baştutany Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi. Geçen ýyl Serdar Berdimuhamedow kakasynyň ýerine At gününe we türkmen alabaý baýramyna ýolbaşçylyk etdi we hormatly itşynas adyna eýe boldy.

Şu ýylyň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow atlary saklamagyň şertlerini gowulandyrmak üçin Türkmen Atlary Assosiasiýasyna ýurduň Durnuklaşdyryş gaznasyndan serişde bölüp berdi. 2008-nji ýylda döredilen Durnuklaşdyryş gaznasynyň puly dünýädäki ykdysady we maliýe krizisiň milli ykdysadyýete ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin niýetlenýär.

Türkmenistanyň öňki we häzirki prezidentleriniň gymmatbaha gurluşyklara milliardlarça dollar möçberinde pul sarp edýärkä, ýurduň ilaty ençeme ýyllap azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär we çörek satyn almak üçin gijelerine nobata durýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.