Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Gyrgyzystanyň şeker eksportyny wagtlaýyn gadagan etmegi mümkin

Ýetmezçilik we bu önümiň bahasynyň düýpli ýokarlanmagy sebäpli, Gyrgyzystan şeker eksportyny wagtlaýyn çäklendirmek meselesine sereder. Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew bu barada bir gün öň, “Kaindy Kant” şeker zawodyna baranda gürrüň etdi.

Çig mal bilen baglanyşykly maddy-tehniki meseleler sebäpli, Torobaýewe önümçiligiň birnäçe günlük togtadylandygy aýdyldy.

Emma respublikada çig şeker çiňriginiň getirilmegi eýýäm başlandy. Häzirki wagtda zawod gaýtadan işe girizildi we kompaniýa günde 550 tonna şeker ýüküni ugradýar.

Ykdysadyýet we söwda ministrligi biraz öň, bazary şeker bilen üpjün etmek we içerki zawodlaryň önümçilik kuwwatyny güýçlendirmek üçin, Ýewraziýa ykdysady komissiýasy bilen 105 000 tonna möçberinde paçsyz şekeriň we çig şeker önüminiň bölünip berilmegi meselesiniň işlenip düzülendigini habar beripdi.

“Bu çig malyň Braziliýadan has ýokary bahadan satyn alynýandygyny bellemeli, bu satuw bahasyna täsir etdi. Şekeriň fiziki taýdan elýeterliligi üpjün edilýär. Şekere bolan islegiň birden ýokarlanmagy wagtlaýyn" diýip, resmiler aýtdy.

Soňky günlerde Gyrgyzystanda şeker ýetmezçiligi ýüze çykdy. Satyjylar şekeriň Gazagystana eksport edilýändigini aýdýarlar we bu önümiň ýetmeýändigi hem habar berilýär.

Biraz öň Gazagystanyň hem 23-nji maýdan başlap, alty aýyň dowamynda ak şekeriň we çig şeker çiňriginiň ýurtdan eksport edilmegini gadagan etjekdigi aýdylypdy.

Gazagystanyň Oba hojalyk ministri Erbola Karaşukeýewiň bu meselä degişli buýrugy 12-nji maýda, kadalaşdyryjy hukuk ýazgylarynyň web sahypasynda çap edildi.

"Ak şekeriň we çig şeker çiňriginiň Gazagystan Respublikasynyň çäginden çykarylyp, eksport edilmegine alty aýlap gadaganlyk girizmeli" diýip, buýrukda aýdylýar. Buýruk resmi taýdan çap edilenden 10 gün soň güýje girýär.

Gazagastanyň alkogolsyz içgileri öndürijiler birleşigi biraz öň, şeker ýetmezçiligi bilen baglanyşykly meseleler sebäpli, Söwda we integrasiýa ministrligine, Oba hojalygy ministrligine we “Atameken” milli telekeçiler palatasyna açyk hat ugratdy.

Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu kynçylyk rus hökümetiniň mart aýynda şeker önümleriniň ýurtdan çykarylmagyny gadagan etmegi sebäpli ýüze çykypdyr.