Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Häkimiýetleriň gowşadan COVID düzgünleri 'de facto saklanýar'

Türkmen häkimiýetleriniň ýurtdaky COVID çäklendirmeleriniň gowşadylýandygyny yglan etmeginden soň, Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri, Türkmenistanyň tejribesinde adatça bolşy ýaly, resmi derejede kabul edilen düzgünler bilen olaryň de facto, ýagny iş ýüzünde berjaý edilişiniň arasynda tapawudyň bardygyna ünsi çekýärler. Azatlyk, şol sanda ýurduň esasy we iň iri karantin zolagy ýerleşen Lebap welaýatyndaky koronawirus bilen bagly häkimiýetleriň soňky talaplary we olaryň adamlaryň gündelik durmuşyna ýetirýän täsirleri baradaky maglumatlary toplady. Türkmen hökümeti 2 ýyldan hem aşa wagt ozal başlanan pandemiýadan bäri koronawirusyň ýeke hadysasyny hem hasaba almandygyny öňe sürmegini dowam etdirýär.

Koronawirus çäklendirmeleriniň arasynda ýurduň halkara uçuşlarynyň aglabasyny kabul eden Türkmenabadyň halkara aeroportuna bu günler daşary ýurtlarda galan türkmen raýatlarynyň çarter uçarlary bilen getirilmegi dowam etdirilýär.

Emma häkimiýetleriň ozalky üç hepdelik mejbury karantin düzgünleriniň ýatyrylýandygyny yglan etmegine garamazdan, bu reýsler bilen gelenler 14 gün möhlet bilen karantin zolaklaryna ýerleşdirilýär.

Azatlygyň Türkmenabadyň aeroportundaky çeşmesi 3-4-nji iýun aralygynda Minskden yzly-yzyna iki çarter uçaryň gelendigini we ýolagçylaryň negatiw test görkezijilerine hem garamazdan, iki hepdelik karantin zolagyna ugradylandygyny gürrüň berdi.

Ol hepdede bir gezek kadaly gatnawy ýola goýlan Dubaý ugry bilen hem 5-nji iýunda ýolagçylaryň gelendigini, olaryň aglabasynyň, ýagny 40-a golaýynyň Hytaý kärhanalarynyň işgärleri bolandygyny sözüne goşdy.

Emma görnüşinden karantin zolagynda galmak düzgüni diňe häkimiýetleriň Kazan we Dubaý ugurlary boýunça ýola goýan dowamly uçarlary bilen gelýän ýolagçylara degişli däle meňzeýär.

Ýakynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasynyň ýaýradandygy aýdylýan syzyp çykan dokumentde, bir tarapdan daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň karantin düzgünlerini ýedi gün öý şertlerinde berjaý etmelidigi nygtalsa, beýleki tarapdan Türkiýe, Belarus ýaly ýurtlardan gelenleriň 14 gün karantin zolaglarynda bolmalydygy aýdylýar. Emma uçar gatnawyna görä karantin düzgünleriniň üýtgemeginiň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri mundan üç hepde töweregi ozal içerki demirýol, sebitara awtobus gatnawlarynyň açyljakdygyny yglan etse-de, ýurduň çägindäki hereket çäklendirmeleri henizem saklanyp galýar.

“Türkmenabatdan Aşgabada hepdede iki gezek otly gatnaýar. Emma oňa bilet satyn alyp bilmek üçin, ilki bilen içerki migrasiýa gullugyndan saparyňy delillendirip, ýörite rugsatnama almaly, soňra-da kowid testinden geçmeli. Bilet aljak bolýanlaryň nobatlary her gün ýüzlerçe adama ýetýär. Munuň üçin, iki gün öňünden sanawa adyňy ýazdyrmaly. Umuman aýdylanda, ozalky kynçylyklar saklanyp galýar” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçiren türkmenbatlylaryň biri 7-nji iýunda gürrüň berdi.

Bu aralykda, mundan bir ýyl ozal COVID-19 garşy sanjymy hökmany eden Türkmenistanda, işden çykarylmak haýbaty bilen, dördünji buster waksina sanjymlary urulyp başlandy.

Türkmenabadyň Saglyk öýleriniň işgärleriniň biriniň anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, häzirki wagt medisina işgärlerine dördünji buster sanjymlaryny urdurmak barada tabşyryk berlipdir.

“Ýolbaşçylar eger-de kimde-kim sanjymdan ýüz öwürse, olaryň ilki iş ýerine goýberilmejekdigini, şeýle-de soňundan işden çykaryljakdygyny duýdurýarlar” diýip, şäheriň saglyk öýleriniň birinde işleýän 40 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz belledi.

Galyberse-de, Lebapdaky habarçylarymyzyň we çeşmelerimiziň ählisi, häkimiýetleriň maska režiminiň ýatyrylýandygyny resmi derejede yglan etmegine garamazdan, bu günler polisiýa işgärleriniň duýdansyz köçelerde reýd geçirip, häkimiýetleriň sözlerine ynanyp, maska dakynman çykan raýatlara jerime ýazýandyklaryny hem tassyklaýarlar. Ýogsa, mundan bir gün öň Lebapda polisiýa raýatlara maska dakynmazlyk barada basyş görkezipdi.

Türkmen häkimiýetleriniň koronawirus bilen baglylykda resmi ýagdaýda yglan edýän beýanatlary bilen, olaryň iş ýüzünde berjaý edilişiniň arasyndaky tapawutlyklar barada ýurduň Saglyk ministrliginden we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça adatdan daşary komissiýasyndan maglumat almak başartmaýar.

Öz çäginde koronawirusyň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistandan syzyp çykan ygtybarly habarlarda bu ýokanja ýoluganlaryň, ondan ölenleriň hem köpdügi bellenilýär. Şol bir wagtda, Bütindünýä Saglyk Guramasy türkmen emeldarlarynyň maglumatlaryny has ygtybarly hasaplap, ýurduň saglyk işgärleriniň keselçilik döwründäki tagallalaryna ýokary baha berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.