Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Italiýa Kryma we Donbasa giň özbaşdaklyk berýän parahatçylyk meýilnamasyny düzdi

Italiýanyň hökümeti Ukrainada parahatçylyk gazanmak, atyşygy bes etmek, ýurduň ÝB-ne kabul edilmegine taýýarlyk görmek bilen baglylayda Kryma we Donbasa giň özbaşdaklyk bermek tekliplerini taýýarlady. Bu maglumat "la Repubblica" gazetinde çap edildi.

Gazetiň ýazmagyna görä, meýilnama Italiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Italiýanyň premýer-ministriniň edarasy bilen bilelikde taýýarlanyldy.

Italiýanyň daşary işler ministri bu meýilnamany BMG-niň Baş sekretaryna, G7 ýurtlaryna we “Kwint” toparyna hödürledi (Italiýadan başga, Fransiýany, Germaniýany, Angliýany we ABŞ-ny öz içine alýar).

“La Repubblica” gazetinden gelip çykýan netijä görä, resminamanyň inisiatory daşary işler ministri Luigi Di Maio bolup biler.

Bu ylalaşyk, Italiýanyň meýilnamasyna laýyklykda, BMG, “Kwint” topary, Ýewropa Bileleşigi, Türkiýe, Hytaý, Kanada we Ysraýyl bilen hyzmatdaşlykda, halkara kömek toparynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilmeli.

Gazet teklipleriň Ukraina we Russiýa berlendigini ýa-da däldigini aýtmaýar. Iki ýurt hem özara gepleşikleriň netijeli bes edilendigini boýun aldy.

Kiýew bu habara reaksiýa bildirmedi.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow 19-njy maýda Russiýanyň bu teklipleri metbugatdan bilendigini we häzirlikçe oňa düşündiriş bermäge taýýar däldigini aýtdy.