Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Marylylar ozalky azyk resmileriniň tussag edilmegini "gözboýagçylyk" häsiýetlendirýär

Türkmen telewideniýesinde aglap "toba edýän" ozalky azyk resmileriniň görkezilmegi şu günler Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda esasy gürrüňleriň birine öwrüldi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, ýaşaýjylar korrupsiýanyň ýokardan gaýdýandygyny belläp, tussag edilmeleri "gözboýagçylyk" diýip häsiýetlendirýärler we döwlet dükanlaryndaky azyk üpjünçiligi bilen bagly meseläniň çözülmeýändigini aýdýarlar.

Ýatlatsak, 5-nji maýda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş prokuror Batyr Atdaýew prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, Ahal welaýatynyň, Aşgabat şäheriniň söwda bölümlerinde we dükanlarynda geçirilen barlag-seljerme işleriniň netijesinde uny we ösümlik ýagyny açyk söwdadan gizläp, gymmat bahadan satan raýatlaryň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçylary bilen söhbetdeş bolan marylylaryň ençemesi bu problemanyň diňe Aşgabatda we Ahal welaýatynda däl, tutuş ýurt boýunça "agyryly meseledigini" aýdýarlar. Şeýle-de, olar bu çykyşlaryň problemany çözmäge däl-de, hamana, "meseläniň günäkärleri tapyldy" diýmek maksady bilen, diňe "halkyň gözüni boýamaga" gönükdirilendigini aýdýarlar.

"Marynyň döwlet dükanlarynda heniz hem un we ösümlik ýagy kadaly satylmaýar. Ýagny mesele çözülmedi. Sebäbi korrupsiýa öňem bardy, häzirem bar. Birnäçe adamyň tussag edilmegi bilen korrupsiýa ýatmaýar. Korrupsiýa kanun goraýjylardan başlaýar. Dükanlaryň öňündäki nobatlara gözegçilik edýän kanun goraýjylar, birinji setirde duran raýatlara azyk önümleri satylandan soňra, dükan satyjylary bilen bilelikde adamlary dargatýarlar. Soňra olar galan azygy öz ulaglarynyň yzky çelegine dolduryp, halka berilmeli azygy paýlaşýarlar. Bu ýagdaý hemmelere mälim bolsa-da, hiç hili çäre görülmeýär" diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Marynyň ýaşaýjysy 9-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň ýene biri "eger kanun goraýjylaryň emläkleri we ýaşaýyş durmuş şertleri jikme-jik derňelip, olaryň resmi aýlyklary bilen jaýlarynyň we awtoulaglarynyň arasyndaky tapawut derňelse", ýurtda korrupsiýanyň belli bir derejede aradan aýrylyp biljekdigini aýdýar.

"Şeýle edilse, parahorluk, korrupsiýa bular ýaly aç-açan ornaşmazdy. Kanun goraýjylar bular ýaly aç-açan para sorap bilmezdiler" diýip, ol sözüne goşdy.

Bellesek, halkara guramalarynyň korrupsiýa baradaky ýyllyk hasabatlarynda iň yzdaky orunlarda ýerleşdirilýän Türkmenistanyň häkimiýetleri "parahorlygyň soňuna çykmak" barada ýygy-ýygydan çykyş edýärler. Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar we synçylar alym-berimiň ýurduň tas ähli pudagynda giňden ýaýrandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň ýene biri bolsa, "ozalky azyk resmilerinden alnan gymmatbaha emläkdir, ulaglaryň nobatdan boş gaýdan ilata paýlanmagyny" teklip edýär.

"Adamlar sowukda we yssyda, gije ýatman nobata durup, çörek, un, towuk budy, ýumurtga we pagta ýagyny alyp bilmediler. Ozalky azyk resmilerinden alnan serişdeleri döwletiň haýryna geçirmegiň deregine nobata durup, azyk alyp bilmän, öýlerine boş gaýdan ilata paýlansa, has göwnejaý bolardy. Ilatyň ýitgisi dolardy" diýip, ol belledi.

Baş prokuroryň hasabatynda welaýat we etrap alyjylar jemgyýeti birleşiginiň başlyklary, ammar müdiri, satyjy ýaly wezipelerde işlän 14 raýatyň atlary agzalyp, olaryň dördüsine 20 ýyl, birine 15 ýyl we dokuzsyna 8 ýyl türme möhleti berildi. Mundan başga-da, aýyplanýanlaryň jenaýatçylyk ýoly bilen gazanandygy aýdylýan uly mukdardaky pul serişdeleri, gymmatbaha ulaglary görkezildi we ele geçirilen serişdeleriň döwletiň haýryna geçiriljekdigi mälim edildi.

Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda arzan bahadan goýberilýän harytlaryň gytçylygy, olaryň öňündäki uly nobatlar we ilata berilmeli paýyň dükanlaryň arka gapysyndan restoran eýelerine, howpsuzlyk işgärlerine we hususy telekeçilere uly mukdarda goýberilýändigi barada Azatlyk ençeme gezek habar berdi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylar häkimiýetleriň ozalky resmileriň tobaly çykyşlaryny ýurtdaky bar bolan asyl meselelerden ünsi sowmak üçin görkezýändiklerini belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi we döwlet dükanlarynda ýitileşýän azyk ýeter-ýetmezçiligini aç-açan boýun almaýarlar. Azatlygyň bu barada Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem jogap tapmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.