Turkmenistan

Owganystandaky prezidentlik saýlawlarynda Ganiniň ýeňiji bolandygy yglan edildi

Owganystanyň saýlaw resmileri geçen ýylky prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky prezident Aşraf Ganiniň ýeňiji bolandygyny yglan etdiler. Emma, onuň esasy garşydaşy Abdullah Abdullah ses berilişigiň soňky netijeleri bilen ylalaşmady.

Garaşsyz Saýlaw Komissiýasynyň 18-nji fewralda beren maglumatyna görä, 28-nji sentýabrdaky saýlawlarda Gani sesleriň 50,64%-ni alyp, bäş ýyl möhlet bilen ikinji gezek prezident saýlanypdyr.

Ganiniň 50%-den köp sesleri almagy netijesinde, prezidentlik saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirilmez.

Saýlawyň netijeleri ses berilişikden bäş aý soňra yglan edildi. Abdullah sesleriň sanalmagynda galplyklaryň bolandygyny aýdanyndan soňra, sesler gaýtadan sanalyp başlanypdy.

Saýlaw resmileri Abdullahyň sesleriň 39,52%-ni alyp, ikinji bolandygyny aýtdylar. Abdullah Owganystanyň milli bütewi hökümetiniň çäginde ýurduň baş dolandyryjysy wezipesinde işläpdi.

Emma, günüň aýagynda Abdullah saýlawyň resmi netijelerini inkär edip, özüniň ýeňiji bolandygyny aýtdy. Ol “ähli taraplary öz içine alýan hökümeti” düzmegi wada berdi.