logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo logo
star Bookmark: Tag Tag Tag Tag Tag
Turkmenistan

Özbek prezidenti 50 müň adama raýatlyk wadasyny berýär, sowetleriň 'propiska' düzgünini ýatyrýar

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew merkezi aziýa ýurdunda 1995-nji ýyldan öň göçüp gelen we şu wagta çenli bu ýerde ýaşaýan adamlara raýatlyk bermek wadasyny berdi.

Mirziýoýew 24-nji ýanwarda parlamentde eden çykyşynda bu çäräniň Özbegistandan ýaşaýan 50 müň çemesi adamyň raýatlyk meselesini çözjekdigini aýtdy. Ol bu meseläni öwrenmegi we 1-nji maýa çenli onuň kanuny esaslaryny taýýarlamagy tabşyrdy.

Şeýle-de ol ýurduň içerki migrasiýa düzgünlerini liberallaşdyrmak, sowet döwründen bäri gelýän çäklendirmeleri aradan aýryp, regionlaryň ýaşaýjylarynyň paýtagtda işlemek we ýaşamak gadagançylyklaryny ýatyrmak planyny yglan etdi.

"Biziň öz adamlarymyzy 30 ýyl bäri çäklendirip gelendigimiz hakykat” diýip, Mirziýoýew ýüzlerçe müň özbegiň daşary ýurtlardan iş gözlemegine itekleýän praktikalary bes etmäge wagt bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de prezidentdöwlet edalarynyň işine gözegçilik edýän jemgyýetçilik palatasynyň dörediljekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, regional häkimler raýatlara öz alyp barýanişleri barada metbugat üsti bilen yzygiderli hasabat bermeli.

Themes
ICO