Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Prezident oba hojalygyndaky krizisi gytaklaýyn boýun alyp, birbada iki orunbasaryny täzeledi

TDH wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň, Çary Gylyjowyň, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinden boşadylandygyny habar berýär.

Şeýle-de, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi Begmyrat Arazowyň, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wezipesinden boşadylandygy habar berilýär.

Baş prokuror Batyr Atdaýew wezipesinden boşadyldy we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Baş prokuroryň wezipesi wagtlaýyn Baş prokuroryň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmyrat Begmyradowyň üstüne ýüklenildi.

Hökümet başlygynyň obasenagat toplumy boýunça orunbasary wezipesine Türkmenistanyň prezidentiniň Oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesinden boşadylan Annageldi Ýazmyradow bellenildi.

Wise-premýerlikden boşadylan E. Orazgeldiýew Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzalygyndan hem boşadyldy we täze bellenen wise-premýer A. Ýazmyradow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň Türkmenistandan agzasy edilip bellenildi.

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň wezipesi wagtlaýyn Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkiminiň orunbasary Gurbandurdy Baýramdurdyýewe ynanyldy.

Mundan başga, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradowa berk käýinç we soňky duýduryş berildi.

Işinde düýpli kemçilik goýbermekde aýyplanan resmileriň kemçilikleri barada anyk maglumat berilmedi. Ýöne şol gün, hökümetiň we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelelikde gçirilen mejlisinde edilen gürrüňlerden çen tutulsa, mesele ýurtdaky azyk ýagdaýlary bilen bagly.

Wezipesinden boşadylmazyndan öň soňky hasabaty diňlenen E.Orazgeldiýewe prezident, TDH-nyň ýamagyna görä, "oba hojalyk toplumyna ýolbaşçylyk etmek boýunça öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmegi başarmaýandygyny" aýtdy.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet strategiýasy "pes derejede" durmuşa geçirilýär.

Ozal bu pudakdaky uly ösüşler, ýurtda döredilen azyk howpsuzlygy barada yzygiderli maglumat beren TDH indi, prezidente salgylanyp, "bu pudagyň esasy wezipeleriniň esasy oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakdan ybaratdygyny" habar berýär.

"Oba hojalyk pudagynyň umumy maliýe ýagdaýy kanagatlanarsyz ýagdaýda bolmagynda galýar. Milli ykdysadyýetiň bu esasy pudagynda düýpli özgertmeleri geçirmäge gönükdirilýän düýpli maýa goýumlarynyň özleşdirilişi hem şu döwürde kanagatlanarly däl" diýip, prezident aýdypdyr.

Şeýle-de ol ekerançylyk medeniýetini ýokarlandyrmaga az üns berilýändigi, ...oba hojalygyny we ilatly ýerleri suw bilen üpjün etmegi gowulandyrmak meseleleriniň ýaramaz çözülýändigi barada Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryny tassyklapdyr.

Türkmenistanyň oba hojalygyndaky meseleler öňki prezident G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende hem bölekleýin tassyklandy we birnäçe özgertme yglan edildi, emma meseläniň çözgüdi oba hojalyk boýunça orunbasarlary, häkimleri täzelemekden, käýinç we duýduryş bermekden aňry geçmedi.

Ýerli hünärmenler we synçylar ýurduň oba hojalygynyň we azyk üpjünçiliginiň häzirki düşen ýagdaýyny häkimiýetleriň sowetlerden galan merkezleşdirilen, buýruk usulyndaky dolandyryşy saklap, önümçilige böwet bolmaklary bilen düşündirýärler.