Turkmenistan

“Türkmen hemrasy” özbek telekanallaryny alyp görkezmegi bes etdi

Türkmenisanyň “TurkmenÄlem 52E” milli emeli aragatnaşyk hemrasy 10-njy fewraldan bäri özbek telekenallaryny efire goýbermeýär. Bu barada Turkmen.News neşiri habar berýär.

Efirden alnan kanallaryň arasynda “Özbegistan 24”, “Ýoşlar”, “Taşkent”, “Bolajon”, “Sport” we beýleki kanallar bar.

“Häzirki wagtda özbek kanallary görkezilmeýär. Geçen aý Özbegistanyň 12 sany kanaly görkezilýärdi” diýip, özbek kanallarynyň efiriniň kesilendigini Azatlyk Radiosynyň habarçysy hem tassyklady. Ol häzirki wagtda Özbegistan bilen araçägiň, serhet geçelgeleriniň hem ýapyk durandygyny sözüne goşdy.

“Türkmen hemrasy” fewralyň başlaryna çenli Özbegistanyň döwlet eýeçiligindäki 12 telewizion, 4 radio kanalyny alyp görkezýärdi.

Efiriň kesilmeginiň sebäpleri mälim däl, ýöne Turkmen.News neşiriniň Mary welaýatyndaky bir okyjysy bu ýagdaýy 21-nji ýanwarda “Sevimli TV” özbek telekanalynyň “Ýerasty Altylyk” (“6 Underground”) amerikan filmini görkezmegi bilen ilteşdirýär. Filmiň gahrymanlary Türgistan atly toslama ýurduň diktatory Rowaç Alimowy tagtdan agdarýar. Filmiň epizodlary Türkmenistany ýatladýar: ssenariýa görä, toslama Türgistan Özbegistanyň günbatarynda ýerleşýär, paýtagt Taýrusyň köçelerindäki awtoulaglaryň döwlet belgileri türkmen belgilerine çalym edýär, käbir sahnalarda türkmençe sözleri eşitmek bolýar, hatda filmde Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna juda meňzeş toslanan simwollary görmek bolýar.

Kinofilmiň türkmen durmuşyna çalymdaşlygy sebäpli ol Türkmenistanda gadagan edildi.

Azatlyk filmiň çykmagynyň yzýany ýurduň regionlarynda girişilen Amerika garşy propagandalar barada habar berdi. Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasy bu çärelere bildiren reaksiýasynda “Ýerasty Altylygyň” bir çeper eser bolup, onuň hususy bir güýmenje kompaniýasy tarapyndan döredilendigini aýtdy. Birleşen Ştatlarynyň hem-de ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkmenistan bilen güýçli we netijeli gatnaşyklara ygrarly galýandygyny, diplomatlar aýtdy.

Filmiň köpçülige ýetirilmeginden soň türkmen häkimiýetleri onuň Türkmenistanda ýaýramagynyň öňüni almak üçin käbir çäreleri gördüler. 28-nji dekabrda Azatlygyň ýurt içindäki habarçysy Aşgabatda, Maryda, Türkmenabatda hem-de Daşoguzda özlerini kanun goraýjy edaralaryň wekilleri diýip tanadýan raýat eşikli adamlaryň "wideo-prokatlara" aýlanyp, bu filmiň ýerasty prokaty bilen meşgullanýanlara jerime salýandygyny habar berdi.

Kinofilm Sevimli TV hususy özbek telekanalynda 21-nji ýanwarda efire berildi. Munuň bilen Türkmenistanyň özbek serhedine golaý araçäkde ýerleşýän Darganata, Farap, Saýat we Hojambaz etraplarynyň ýaşaýjylary bu filme özbek dilinde tomaşa etmek mümkinçiligine eýe boldy.

Türkmen emeli aragatnaşyk hemrasynyň özbek kanallarynyň efirini ýatyrmagy, agzalýan filmiň özbek telekanalynda görkezilmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu Bu boýunça resmi kommentariýa berilmedi. Türkmen hemrasy “Sevimli TV” özbek kanalyny ondan ozal hem alyp görkezmeýärdi. Emeli hemra özbek kanallaryndan beýleki kanallary, şol sanda Täjigistanyň kanallaryny öňki tertipde alyp görkezmäge dowam edýär.

Türkmenistanyň ilkinji “TürkmänÄlem 52” emeli hemrasy 2015-nji ýylyň 27-nji aprelinde ABŞ-nyň Florida ştatyndan älem giňişligine uçuryldy. Ony Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Thales Alenia Space fransuz kompaniýasy Falcon 9 raketa göterijisi arkaly äleme goýberdi.

Häzirki wagtda emeli hemra Türkmenistanyň, Owganystanyň, Eýranyň teleradiokanallaryny, galyberse-de TRT World, France 24 ýaly halkara habar kanallaryny alyp görkezýär. “Türkmen hemrasy” daşary ýurt kanallaryny alyp görkezmekde “Wide Network Solutions” britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

“TürkmenÄlem 52” özbek kanallaryny 2019-njy ýylyň noýabryndan başlap görkezip başlapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär