Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkmen prezidenti suw hojalygynyň başlygyna berk käýinç berdi

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanowa berk käýinç yglan edildi.

Şol bir wagtda, wise-premýer E.Orazgeldiýewiň Ministrler kabinetiniň Daşoguzda geçirilen göçme mejlisinde sebitiň suw üpjünçiligini gowulandyrmak barada edilýän işler barada hasabat bermegine garamazdan, hökümet mejlislerinde gurak gelen ýyllaryň oba hojalygyna ýetirýän ýaramaz täsiri, onlarça ýyllap idegsiz galan suw desgalarynyň hakyky ýagdaýy we daýhanlaryň düşen ýagdaýy barada anyk gürrüň edilmeýär.

Emma TDH, Daşoguz welaýaty boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijelerine salgylanyp, anyklaşdyrman ýazmagyna görä, sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini hem-de melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, goşmaça suw gorlaryny döretmek maksady bilen, 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda geçiriljek çäreleriň degişli hasaplamalary ýerine ýetirildi.

Ýerli synçylaryň, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan hünärmenleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistandaky suw desgalary, şol sanda oba infrastrukturasy, häkimiýetleriň esasan başga gurluşyklara köp mukdarda serişde goýbermegi bilen, onlarça ýyllar bäri idegsiz galýar.