Turkmenistan

Türkmenistan BSG bilen gepleşik geçirýär we ýurt içinde hereketi çäklendirýär

Türkmenistan öz raýatlarynyň ýurt içindäki hereketini çäklendirýän düzgünlerini ýene-de güýçlendirdi. Türkmen häkimiýetleri COVID-19 keseliniň öňüni almak boýunça çäre görülýändigini yglan etmegi bilen bir wagtda ýurtdaky ýagdaýy öwrenmek üçin sapar etmek isleýän BSG-niň wekilleri bilen gepleşik alyp barýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, soňky günlerde ýurduň gündogarynda Lebap welaýatynda ýerli ýaşaýjylaryň hereket etmek mümkinçilikleri esli çäklendirilipdir.

"Türkmenabatdan adamlaryň çykmagyny berk çäklendirdiler, diňe resmi işe ýa-da maslahata gidip bolýar. Gitmek üçin polisiýada rugsat hatyny almaly. Ony näme üçindir pasport bölümi bermeli edildi, emma ol ýerde bermekden ýüz öwürýärler" diýip, habarçymyz 19-njy maýda habar berdi.

Türkmen hökümeti ýurtda koronawirus ýok diýip, 15-nji maýda ýene hasabat berdi, emma munuň bilen bir wagtda ýaşaýyş punktlary ýapyp başlady we Awaza dynç alyş zolagyny ýapmagy teklip etdi.

Munuň öňüsyrasynda Türkmenabadyň häkimiýetleri COVID-19 keseliniň bolmagy güman edilýän hassalar üçin karantini ýaýbaňlandyryp başladylar. Üstesine, Lebap welaýatynyň 1-nji iýundan karantine ýapyljagy habar berildi. Bu barada Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden we Lebabyň häkimiýetlerinden resmi maglumat alyp bolmady.

Türkmenistanda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça hereketleriň aktiwleşmegi BSG-niň ýurtdaky ýagdaýy öwrenmek üçin öz wekillerini ýollamak planlaryna gabat geldi. Türkmen häkimiýetleri dünýäniň tas ähli ýurtlaryna ýaýran keseliň ýokdygyny aýtmagyny dowam etdirýärler.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) wekilleriniň aýtmagyna görä, olaryň Türkmenistana sapary henizem maslahat tapgyrynda galýar. BSG-niň Ýewropadaky edarasynda Azatlyga aýdylyşyna görä, Türkmenistana ediljek sapar ylalaşylypdyr, emma "pandemiýanyň dowamyndaky saparlaryň logistikasy çylşyrymly we üstünde işlenilmegini talap edýär".

"Türkmenistanyň hökümetiniň çakylygy boýunça BSG häkimiýetler bilen BSG-niň missiýasynyň ýurda saparyny bilelikde guramalaşdyrmak üçin günde kontaktda bolýar. Missiýanyň komandasynyň BSG-niň we GOARN partnýory hökmünde Robert Koh institutynyň ekspertlerinden düzüljegi ähtimal. Topar milli häkimiýetler bilen bilelikde ​COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda amala aşyrylýan çäreleriň üstünde işlär. Halkara saparlaryň kynçylyklary hasaba alnanda, missiýanyň saparynyň wagtlary we maddy-tehniki üpjünçiligi henizem guramalaşdyrylýar. BSG türkmen häkimiýetleriniň bu ugurdaky sapar üçin ýörite çäreleri amala aşyrmak teklibi üçin minnetdar" diýlip, BSG-niň Ýewropadaky býurosynyň metbugat- gullugynyň Azatlyk Radiosyna beren ýazmaça jogabynda aýdylýar.

8-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BSG-niň resmi toparyny kabul etmäge taýýardygyny aýtdy.

BSG Türkmenistana sapar etmek planlaryny 23-nji aprelde yglan etdi. Saparyň maksadynyň koronawirusyň ýokdugyny aýdan Türkmenistanda we Täjigistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýy öwrenmekdigi aýdylypdy. Missiýanyň Täjigistana sapary dessine başa bardy. Bu ýurtda şu günki gün hasaba alnanlaryň koronawirusly adamlaryň sany 1500-den aşdy, 40 golaý adam wepat boldy.

Şu gunk gün Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary ýurtda koronawirusyň saglyk işgärleri we adaty raýatlar tarapyndan agzalmagyna gadagançylygyň saklanýandygyny, onuň üstüne COVID-19 keseline mahsus simptomlaryň hem agzalmagynyň gadagan edilendigini belleýärler.


"Lukmanlar we tiz kömek öýe çagyrylanda ýokary gyzgyny, dümewi we üsgülewügi agzamak gadagan. Pnewmoniýany, ORZ we ORWI dem alyş dümewlerini we inçekeseli görkezip, hasaba almaly däl" diýip Aşgabatdaky habarçymyz saglyk edaralaryndaky çeşmelere salgylanyp, habar berýär.

Çeşmeleriň sözlerine görä, maý aýynyň başynda Saglygy saklaýyş ministrliginde ähli welaýatlaryň saglyk resmileri üçin ýygnaklar geçirilip, hassahanalar we tiz kömek stansiýalary üçin tabşyryklar mälim edilipdi.

Habarçymyzyň bellemegine görä, COVID-19 keseliň agzalmagyna gadagançylyk adamlaryň ölümini hasaba almak işine-de degişli.

"Bu adamyň ýogalmagy hakyndaky şahadatnamasyna hem degişli. Gan basyşyny, süýji keseli, ýürek we böwrek kesellerini, allergiýany görkezip bolýar. Häzir SPID-den we inçekeselden ýogalýanlar hem köp. Emma bu maglumatlar gadagan edilýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, ilatyň ýurtdaky ýagdaýlar bilen bagly aladalanmalary artýar we köpçülik resmi beýanatlara ynanmaýar.

"Her ýerde lideriň öz rezidensiýasynda özüni üzňeleşdirendigini we hiç kimi, şol sanda doganlaryny we ýegenlerini kabul etmeýändigini aýdýarlar. Soňky günlerde Andalyp protokol köçesinde polisiýanyň güýçli gykylyklary hem eşdilmeýär. Onuň [prezidentiň] ene-atasy we beýleki ýakynlary ogly bilen bilelikde Pöwrizede ýerleşýär" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 19-njy maýda aýtdy.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Football news:

Andujar Oliver on deletions: Fati went too far in the foot, and the foul on the Peak was even more dangerous, perhaps
Atalanta extended the winning streak to 11 matches, beating Sampdoria-2:0
Milner played his 536th game in the Premier League and was ranked in the top 5 of the League in games played
Barca midfielder Fati is removed in the Derby with Espanyol. He spent 5 minutes on the field
Suarez scored 195 goals for Barcelona and finished third in the club's top scorer list
Daniele de Rossi: People call Messi cowardly, but they are afraid to ask their wives for a remote control from the TV
Daniele de Rossi: Ronaldo is comparable to Messi in goals and trophies, but Leo's game is more fun