Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkmenistanda Internet ‘tas doly diýen ýaly öçürildi’

Türkmenistanda Internet aragatnaşygynyň tizliginiň düýpli haýallamagy dowam edýär. Ýurtda hatda adaty messenjerlerden hem peýdalanyp bolmaýar. Sebitleriň aragatnaşyk wekilleri Internetiň Aşgabatdan ýörite peseldilýändigini aýdýarlar.

“3-nji maýdan bäri, ýurduň beýleki künjekleri bilen birlikde, Lebapda hem Internet üpjünçiligi tas ýoga geldi. Ýurtda petiklenmedik ýeke-täk IMO messenjeri Internete bir birikýär, bir-de kesilýär. Ol arkaly ugradylan suratlar açylmaýar. Bu ýagdaýlary 200 manat töläp öýlerine degişlilikdäki ýokary tizlikli Interneti çekdirenler hem başdan geçirýärler” diýip, 12-nji maýda Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň biri ýerli habarçymyza gürrüň berdi.

Türkmen hökümeti, şol sanda Internet üpjünçiligini-de çäklendirip raýatlarynyň alternatiw maglumat edinmek mümkinçiliklerini, söz azatlygyny çäklendirmekde tankytlanýar. Geçen aýdan bäri bolsa, onsuz hem dünýädäki iň bir haýal we gymmat Internet üpjünçiligi bolan Türkmenistanda internet aragatnaşygynyň hili ymykly pese gaçyp başlady.

Düýbi ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän “Cloudflare” Internet hyzmatlary kompaniýasy 10-njy aprel güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 7-den başlap, Türkmenistanda Internet tizliginiň düýpli peselendigini anyklady. Şonda “Cloudflare Radar” Türkmenistanda Internetiň tas doly diýen ýaly öçürilendigini aýtdy.

Türkmenistanyň aragatnaşyk kärhanalary Internet aragatnaşygynda ýüze çykýan bökdençlikleriň sebäpleri barada ilata açyk maglumat bermeýärler.

Emma ýurtdaky ýeke-täk internet prowaýderi “Türkmentelekom” kärhanasynyň Lebapdaky bölüminiň wekili, Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolup, Internetiň tizliginiň Aşgabatdan ýörite peseldilýändigini gürrüň berdi.

“Bize her gün onlarça müşderi gelip, Internetiň haýallamagyna nägilelik bildirýärler, tölegleriniň hasabatyny, düşündiriş soraýarlar. Emma bizde günä ýok, ähli ulgamlarymyz kadaly işläp dur. Bu Aşgabatdan, ‘Türkmenaragatnaşyk’ agentliginiň görkezmesi esasynda amal edilýär” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli şahsyýetini aýan etmezligi soran lebaply hünärmen belledi.

Azatlygyň 12-nji maýda Agentlik bilen habarlaşyp, ýurtdaky Internetiň düýpli haýallamagynyň sebäplerini anyklamak boýunça eden dowamly synanyşyklary netije bermedi. Resmiler Azatlyk bilen gürleşmekden ýüz öwürdiler.

Türkmen hökümeti maglumat giňişligini berk çäklendirmekde tanalýar. Facebook, Twitter we Instagram ýaly iri sosial torlar ýurtda petikli bolmagynda galýar. Galyberse-de, garaşsyz habar neşirleriniň, şol sanda Azatlygyň hem websaýty häkimiýetler tarapyndan petiklenýär.

Ulanyjylar garaşsyz maglumat almak üçin Internet petigini böwüsýän gurallardan, şol sanda Psiphon, Lantern, Orbot ýaly VPN-lerden hem-de Tor ýaly howpsuz brauzerlerden peýdalanmaly bolýarlar. Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri VPN ulanyjylaryna, proksi ulgamlaryny gurnap berýän ussalara garşy göreş alyp barýarlar.

Bellesek, ýurtda Internet aragatnaşygynyň ozal görlüp-eşidilmedik derejede haýalladylmagy, ýanwarda ýurduň ozalky prezidentiniň Internet ulgamyndaky dürli maglumat çeşmelerini çäklendirmek işleriniň kämilleşdirilmegini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Galyberse-de, daşary ýurtlardaky türkmen oppozisiýa toparlary, aktiwistleri we garaşsyz neşirleri Internet, sosial torlar arkaly Türkmenistandaky kanun bozmalar, şol sanda adam hukuklarynyň depelenmegi, korrupsiýa, resmileriň eden-etdiligi ýaly ýagdaýlar boýunça çykyş edýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.