Turkmenistan

Ukrainada Wuhandan ewakuasiýa edilenler gazaplylyk bilen garşylandy

Hytaýda koronawirusyň episentri bolan Wuhan şäherinden ewakuasiýa edilen ukrainlar ýurduň gündogaryndaky Poltawa regionynyň Nowi Sanžary şäherine gelenlerinde gazaplylyk ýüze çykdy.

Wirusa ýolugan bolmagy mümkin raýatlaryň öz sebitine getirilmegine garşy çykýan ýaşaýjylar ewakuasiýa edilenlere daşlary zyňdylar we polisiýa bilen çaknyşdylar.

Ukrain resmileri Wuhandan gelen uçaryň bortunda ekipaž agzalary bilen birlikde 25 ukrain we 27 daşary ýurt raýatynyň, şeýle-de medisina işgärleriniň bolandygyny aýtdylar.

Daşary ýurtlylaryň raýatlygy bada-bat mälim edilmedi.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Wuhandan ewakuasiýa edilenleriň 14 gün karantinde saklanjakdygyny aýtdy.

Polisiýa Nowi Sanžary şäherindäki çaknyşyklarda dokuz polisiýa işgäriniň we bir raýatyň keselhana ýerleşdirilendigini we 24 protestçiniň tussag edilendigini aýtdy.