Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

ABŞ Hytaýy global media manipulýasiýasynda aýyplaýar

Hytaý senzura, maglumat ýygnamak we daşary ýurt habar beriş serişdelerini gizlinlikde satyn almak arkaly dünýä habar beriş serişdelerini manipulýasiýa edýär, ýagny öz täsirinde saklaýar diýip, ABŞ 28-nji sentýabrda aýtdy we bu tendensiýanyň global söz azatlygynyň, pikir etmegiň "kesgin azalmagyna" sebäp bolup biljekdigini duýdurdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti öz hasabatynda Pekiniň her ýyl maglumatlary manipulirlemek tagallalaryna, şol sanda "jemgyýetçilik we jemgyýetçilik däl ýollar" arkaly daşary ýurt metbugatynda paý almak, onlaýn täsir edijilerine hemaýat bermek we Hytaý hökümetiniň kime degişlidigi görkezilmedik mazmunlaryny paýlamak we wagyz etmek şertnamalaryny baglaşmak üçin milliardlarça dollar sarp edýändigini aýtdy.

“Roýters” habar gullugy Hytaýyň Waşingtondaky ilçihanasynyň bu mesele boýunça düşündiriş sorap edilen haýyşa bada-bat jogap bermändigini aýtdy.