Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Türkmen harbylary Daşkentde geçirilen maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekiliýeti Daşkent şäherinde Merkezi we Günorta Aziýanyň baş ştablarynyň ýolbaşçylarynyň konferensiýasyna gatnaşdy diýip, türkmen metbugaty Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň resmi metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

«Özbegistan» halkara forumlar merkezinde geçirilen konferensiýa Türkmenistanyň wekilleri bilen bilelikde Özbegistanyň, ABŞ-nyň, Pakistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň Goranmak ministrlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdy.

Harby wekiliýetleriň agzalary maslahatdan öň Daşkent şäherindäki «Ýeňiş seýilgähi» ýadygärlikler toplumyna hem-de «Merdanalyk senasy» monumentine gül çemenlerini goýdular, «Şan-şöhrat» muzeýine baryp gördüler. Soň olar «Özbegistan» forumlar merkezinde döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler diýip, "Türkmenportalyň" habarynda aýdylýar.

Konferensiada sebit howpzulygy, terrorçylyga garşy göreşmek, ynsanperwer kömek we sebitleýin durnuklylyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.