Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Dagly-Garabagdan gaçan 13 müňden gowrak adam Ermenistana geldi

Azerbaýjan daglyk sebiti doly ele geçireninden birnäçe gün soň, Ermenistana Dagly-Garabagdan gaçýan 13,000-den gowrak adam geldi diýip, ermeni häkimiýetleri aýtdy.

"26-njy sentýabrda, ir sagat 8: 00-da Dagly-Garabagdan bosmaga mejbur bolan 13,350 adam Ermenistana girdi" diýip, Ermenistanyň hökümetiniň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Bir gün öň, Ermenistana barýan ýollaryň ugrunda dörän uzyn ulag hatarlaryndan ýaňa, Dagly-Garabagdan gaçan adamlar ýolda uly dyknygyň emele gelmegine sebäp boldy.

Azerbaýjan güýçleri geçen hepde Dagly-Garabag güýçlerine ýyldyrym çaltlygyna hüjüm edip, olardan üstün çykdy we bu sebitiň gözegçiligini ele geçirdi. Dagly-Garabagda takmynan 120,000 adam, esasan, etniki ermeniler ýaşaýar.