Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Içerki gatnawlarda awiabiletleriň döwlet bahasynyň üstüne 'para soralýar'

“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabadyň halkara howa menzilinde ýerleşýän kassalarynda içerki gatnawlara bilet satylanda uçar peteginiň döwlet bahasynyň üstüne para soralýar diýip, birnäçe ýolagçy 26-njy sentýabrda Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

“Aeroportyň kassasynda hakyky bahasy 150 manat bolan awiabiletler üçin 1000 manat möçberinde para soralýar” diýip, ýaňy-ýakynda Aşgabatdan welaýat merkezleriniň birine uçan bir ýolagçy aýdýar.

Türkmenistanyň howa ýollary kompaniýasynda uçar petekleriniň gymmatynyň artmagy ýurtda garaşsyzlyk baýramynyň bellenýän pursatlaryna gabat gelýär. Ýöne ýurduň howa giňişliginde hereket edýän içerki gatnawlarda wagtal-wagtal bilet gytçylygy ýüze çykýar. Türkmenistanyň transport pudagynda awiabiletleriň bahasynyň üstüne para berip, bilet satyn alynmagy ýurduň transport ulgamynda ýyllar boýy dowam edýän däpleriň biri bolup durýar. Muňa garamazdan, mundan ozal, uçar biletleriň söwdasynyň onlaýn görnüşe geçirilendigi habar berildi. Munuň yz ýany, biletleriň onlaýn söwdasynyň transport ulgamynda korrupsiýanyň öňüniň alynmagyna ýardam berjekdigi barada umyt-arzuwlar peýda boldy.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ençeme ýolagçylar şu günler, ýurtda baýramçylyk çäreleriniň dowam edýän pursatlarynda we sebitara gatnawlaryň ýygjamlaşan wagtynda uçar petekleriniň onlaýn söwdada galmandygyny aýdýarlar.

“Käbir işgärler para berip bilet satyn alýan adam tapylmasa, uçarlary boş uçurmaga-da kaýyl” diýip, ýolagçylar aýdýarlar.

Türkmenistanda içerki gatnawlara wagtynda bilet satyn alyp bilmedik ýolagçylar adatdan daşary ýagdaýlarda ilat arasynda “dosadka” atlandyrylýan mümkinçilikden, ýagny uçara münmedik biletli ýolagçylaryň deregine nobata garaşyp, bilet satyn almak mümkinçiliginden peýdalanmaga çalyşýarlar. Bu ýolagçylar howa menzillerinde ýerleşýän bilet kassalaryndan bilet satyn almaga synanyşýarlar.

“Uçara münmedik ýolagçylaryň deregine bilet satyn almak üçin garaşýan adamlaryň nobaty boýunça dört adama bilet satdylar emma uçarda azyndan 25 orun boş gidipdir” diýip, beýleki bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

“Dosadka” garaşýan ýolagçylaryň arasynda gyssagly ýa-da adatdan daşary ýagdaýlara duçar bolan ýolagçylar bolýar.

Adatdan daşary saglyk meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolan bir ýolagçy we onuň hossarlary ýaňy-ýakynda “dosadka” çykyp, Aşgabadyň howa menzilinden sebit merkezleriniň birine uçmaga synanyşdy. Bu ýagdaýa şaýat bolan ýolagçylar hassa ýolagça uçar peteginiň satylmandygyny, üstesine, hassa ýolagça kassanyň işgärleri tarapyndan gödek daralandygyny gürrüň berýärler.

“Agyr operasiýa geçiren bir aýaly arabada aeroporta getirdiler. Şoňa-da bilet satmadylar. Gaýtam, kassanyň işgäri bilet satmakdan geçen, ol aýala gödek daraşdy, ýüzüni alyp goýberdi. Aeroporta arabada getirilen maýyp aýal otele barmak üçin taksi pulunyň galmandygyny, otly bilen öz ýaşaýan ýerine gitmegi bolsa saglygynyň götermeýändigini aýdyp, aglap gitdi” diýip, bir ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Wakanyň şaýatlary hassa zenana gapdaldan “assyrynlyk” bilen para bermäge razy bolsa, uçara bilet tapyp bermegi teklip eden adamlar bolupdyr. Ýöne ýolagçy hakyky bahasy 150 manat bolan biletler üçin diňe 200 manat tölemäge gurbunyň çatýandygyny aýdandan soň, “araçylar ol puly az görüp bilet satmakdan ýüz öwürdiler” diýip, wakanyň şaýatlary aýdýar.

Ozallar hassahanalara agyr keselli adamlar üçin howa ýollary kompaniýasyna kesgitli möçberde bilet sargamaga, “bron” etmäge mümkinçilik berilýän ekeni. “Häzir hassahanalaryň şeýle ygtyýarlyklary ýatyrylypdyr. Agyr hassalara we hirurgiki amal geçiren raýatlara bu ýeňillikler berilmeýär” diýip, bir aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Mundan ozal, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi uçar biletleriniň döwlet bahasynyň üstüne para almakda aýyplanan “Türkmenhowaýollary” agentliginiň birnäçe işgärini görkezdi.

Türkmenistanda raýatlar ýyllar boýy durmuşyň tas ähli ugurlaryna ýaýran korrupsiýa, şol sanda parahorlyk we tanyşparazlyk ýaly jenaýatlaryň ýol açýan “eden-etdilikli şertlerine” uýgunlaşmaga mejbur bolýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.