Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

ABŞ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň has giňeldilmegine umyt baglaýar

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we ösdürmäge umyt edýändigini aýtdy diýip, türkmen metbugatyhabar berýär.

“Biz howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak ugrunda bilelikde iş alyp barýarys. Ýurtlarymyzyň we hökümetlerimiziň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň baştutanlary bilen ilkinji sammiti geçirdik” diýlip, amerikan prezidentiniň hatynda bellenilýär.

Şeýle-de, Jo Baýden Türkmenistanyň prezidentine we ähli türkmen halkyna milli baýramçylygyň – Garaşsyzlyk gününiň şatlykly we parahatçylykly ýagdaýda baýram edilmegini arzuw etdi diýip, habarda aýdylýar.