Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

‘Merkezi Aziýa – Germaniýa’ sammitinde Türkmenistana Gurbanguly Berdimuhamedow wekilçilik edýär

Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy sentýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Germaniýanyň döwlet baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Berline bardy.

Berliniň "Belwýu" köşgünde anna güni "Merkezi Aziýa – Germaniýa" prezidentler sammiti geçirilýär. Şeýle-de, şu gün sebit liderleri Germaniýanyň kansleri Olaf Şoltz bilen duşuşýar.

Prezidentler duşuşygyna Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer gatnaşýar.

Türkmen metbugaty duşuşyklarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlaşylýandygyny, şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşylýandygyny habar berýär.

Biraz öň, 22-nji sentýabrda türkmen metbugaty bu duşuşyga Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesi prezidentler sammitine Türkmenistandan Serdar Berdimuhamedowyň däl, Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynyň “düýbünden garaşylmadyk waka” bolandygyny aýdýar.

“Bu düýbünden garaşylmadyk waka boldy. Entek duşenbe gününde hem bu barada gürrüň bolmandy, ýagny Serdar [Berdimuhamedowyň] bu sapara çykmaga göwünsizdigi hiç kimiň ýatsa, tursa oýuna gelmezdi. [Bu ýagdaý barada hem], elmydama bolşy ýaly, hiç kim hili resmi beýanat bermez” diýip, Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn çeşmesi 29-njy sentýabrda gürrüň berdi.

Aýdylmagyna görä, german prezidenti "Merkezi Aziýa – Germaniýa" döwlet baştutanlarynyň duşuşygyna Türkmenistandan öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna çakylyk iberipdir.

Türkmenistanda 15 ýyl töweregi prezident wezipesine eýelän Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň mart aýynda prezident wezipesini, giň ýaran saýlaw düzgün bozmalarynyň, arasynda 40 ýaşly ogly, şol wagtky wise-premýer Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Muňa garamazdan, Gurbanguly Berdimuhamedow häkimiýet başyndaky täsir güýjüni saklap galdy. Ol konstitusion ygtyýarlyklary giňeldilip, gaýtadan esaslandyrylan Halk maslahatyna başlyk bellenildi we ýurduň syýasy sahnasynda we halkara gatnaşyklarynda möhüm rol oýnamagy dowam etdirdi. Şol bir wagtda, ol konstitusion kanun bilen “türkmen halkynyň milli lideri” yglan edildi.

Merkezi Aziýanyň döwlet ýolbaşçylary özleriniň iň ýakyn strategiki hyzmatdaşy bolan Russiýanyň Ukrainada dowam etdirýän esassyz çozuşynyň arasynda biraz öň, 19-njy sentýabrda “C5+1” diplomatiki formatynyň çäklerinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň meýdançalarynda, Birleşen Ştatlaryň prezidenti Jo Baýden bilen hem duşuşdylar.

Germaniýanyň federal hökümetiniň metbugat gullugyna görä, Merkezi Aziýa liderleri 29-njy sentýabrda ýurduň premýer-ministri Olaf Şoltz bilen hem duşuşýar.

Bu aralykda, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara guramalar we aktiwistler Merkezi Aziýa döwletleri bilen Germaniýanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň arasynda döwlet baştutanlary derejesinde geçirilýän sammitleriň arasynda sebitdäki hukuk kemsitmelerine ünsi çekmäge çagyrýarlar.

Human Rights Watch guramasy Germaniýanyň federal prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de premýer-ministr Olaf Şoltzyň Merkezi Aziýa liderleri bilen 29-njy sentýabrda geçirýän aýry-aýry duşuşyklarynyň öň ýany çap eden maglumatynda, gepleşikleriň dowamynda Germaniýany Merkezi Aziýadaky ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekmäge çagyrdy.

Şeýle-de, ýokary derejeli duşuşyklar dowam edýän mahaly, Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan raýat aktiwistleriniň Berlinde ýygnanyşyp, ‘Merkezi Aziýa – Germaniýa’ gepleşiklerinde sebitdäki ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna ünsi çekilmegini talap etmeklerine garaşylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.