Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Gazak prezidenti Germaniýa öz ýurdunyň Russiýa garşy girizilen sanksiýalar düzgünine eýerjekdigini aýdýar

Moskwanyň şindem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen geçirilýän harytlary alýandygy baradaky şübheleriň arasynda, Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öz ýurdunyň Russiýanyň Ukrainadaky uruş sebäpli girizilen sanksiýalaryndan sowlup geçmegine kömek etmejekdigini aýdýar.

"Gazagystan sanksiýalar düzgünine eýerjekdigini ikuçsuz mälim etdi" diýip, Tokaýew 28-nji sentýabrda Berlinde Germaniýanyň kansleri Olaf Şolz bilen geçirilen gepleşiklerden soň aýtdy.

Tokaýew goranyşda bolmagynyň sebäbi onuň ýurduna sanksiýalary bozup, uly goňşusyna haryt almaga kömek etmekde bildirilýän aýyplamalar bilen bagly. Russiýa bilen 7500 kilometr araçägi bolan Gazagystan Moskwanyň ýakyn ykdysady we harby ýarany bolup durýar. Emma muňa garamazdan, Gazagystan Moskwanyň basyp alan ukrain sebitlerini Russiýanyň bir bölegi hökmünde ykrar etmedi.

Tokaýew Gazagystanyň “sanksiýalar düzgünini berjaý etmek üçin degişli guramalar bilen aragatnaşyk saklaýandygyny” we Germaniýanyň sanksiýalar düzgüninden sowlup geçilmegine garşy gönükdirilen çäreler barada alada galmaly däldigini aýtdy. Şeýle-de, Tokaýew Moskwanyň haýsydyr bir territorial talaplaryndan gorkmaýandygyny aýtdy.