Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Garaşsyzlyk gününde baýramçylyk joşguny ‘duýulmaýar’

“Bu gün Lebabyň merkezi Türkmenabat şäheriniň baş meýdançasynda baýdak galdyryldy. Başga hiç hili şowhun ýok. Şäheriň seýilgähleri hem boş. Bu günüň baýramdygyna garamazdan, edara kärhanalaryň işgärleri hem adatdakysy ýaly mejbury pagta ýygymyna iberildi. Adamlar baýramy nobatdaky adaty gün hökmünde kabul edýärler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri 27-nji sentýabrdaky ýagdaýlary suratlandyrdy.

Ol Garaşsyzlyk baýramyndan üç gün öň, göýä 27-nji sentýabrda baýram edilen ýaly Türkmenabadyň Ak Öýünde ýasama wideo reportažlaryň hem ýazgy edilendigini, býujetçileriň, talyplaryň dagy oňa mejbury gatnaşdyrylandygyny aýtdy.

Döwletiň berk gözegçiligindäki telewideniýesinde diňe, hamala, ýokary ruhubelentlikde bellenilýän baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, güler ýüzli adamlar hem-de tans edýän ýigitler we gyzlar görkezilýär.

Garaşsyzlyk baýramynda paýtagyň "Aşgabat" seýilgähinde kän adam görünmeýär.
Garaşsyzlyk baýramynda paýtagyň "Aşgabat" seýilgähinde kän adam görünmeýär.

Mejbury çäreler Garaşsyzlyk mynasybetli geçirilen dabaraly ýöriş, şol sanda harby parad bilen hem baglylykda şu aýyň başyndan bäri has köpçülikleýin häsiýete eýe boldy.

Azatlyk Aşgabatda geçiriljek dürli çäreler üçin, paýtagtlylar bilen birlikde, sebitlerden hem býujetçileriň, medeniýet işgärleriniň dagy repetisiýalar, marşirowkalar üçin mejbury çekilendigi barada yzygiderli maglumat berdi. Medeniýet we sungat işgärleri dabaralarda geýjek milli lybaslaryny hem öz hasaplaryna satyn almaly boldular.

Ýurtda býujetçiler we talyp ýaşlar möhüm baýramçylyklarda geçirilýän köpçülik çärelerine mejbury çekilýärler. Býujet işgärleri öz wezipe borçlaryndan daşary, ýowarlara, arassalaýyş we abatlaýyş işlerine hem mejbury gatnaşdyrylýar.

Habarçylarymyz baýram mynasybetli geçirilen harby parada taýýarlyk görlen döwründe-de, dabaraly ýörişlere çekilen esgerleriň arasynda tapdan düşýän, syrkawlaýan gullukçylaryň hem köp bolandygyny belläpdiler.

Ýurtdaky dowam edýän ykdysady krizis, harytlaryň we hyzmatlaryň dowamly gymmatlamagy hem agyr durmuş şertlerinde güzeran aýlaýan adamlaryň baýramçylyk joşgunyna kölege saldy.

Uly baýramçylyklarda bolşy ýaly, Garaşsyzlyk gününe hem gabat ýurduň bazarlarynda satuwdan ýiten ýa-da gytalan käbir önümler peýda boldy.

“[27-nji sentýabrda] Türkmenabadyň bazarlarynda peýda bolan towuk budunyň üçden birini buz düzýär. Bulary, hamala diýersiň, ýöriteläp suwuň içinde doňdurypdylar. Onuň her kilogramy 19 manatdan satylýar. Eger-de buzuny aýyrjak bolsaň, söwdagär ‘eliňi degirme, ýa bolşy ýaly çekdirde al, bolmasa-da ötä git’ diýip üstüňe azgarylýar. Öýe barýançam satyn alan 5 kg towuk budunyň bir kilogramy suwa öwrülipdir” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Baýram güni ýurduň iri sebitlerinde howpsuzlyk çäreleri hem güýçlendirildi. Mundan ozal, ýerli polisiýa edaralarynyň işgärleri dilegçilere we el serýän adamlara, şol sanda çagalara garşy hem reýd geçiripdi.

Baýram mynasybetli Aşgabatda döwlet emeldarlarynyň, şol sanda prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşamagynda Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy geçirildi.

Berdimuhamedow bu senä gabatlap ýollan gutlagynda, garaşsyz ösüşiň häzirki tapgyrynda ‘demokratik we adalatly jemgyýeti has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, Türkmenistany ynamly öňe alyp barýandyklaryny’ öňe sürdi.

Türkmenistany dünýäniň iň ýapyk we iň awtoritar režimleriniň biri dolandyrýar. Türkmen hökümeti adam hukuklaryny gözçykgynç depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde tankyt edilýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mettýu S. Klimow hem Birleşen Ştatlaryň prezidenti Joe Baýdeniň we amerikalylaryň adyndan türkmen halkyny Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady. Ol ABŞ-nyň ilkinjileriň hatarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar edendigini hem belledi.

Türkmenistan 2017-nji ýyla çenli Garaşsyzlyk baýramyny 27-nji oktýabrda, ýagny 1991-nji ýylda Sowet soýuzynyň düzüminden çykýandygyny yglan eden senesinde belleýärdi.

Emma mundan alty ýyl töweregi ozal şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedow garaşylmadyk ýagdaýda Garaşsyzlyk gününi bir aý öňe süýşürdi. Ondan öň çärýek asyr dowam eden baýramçylyk senesiniň, halka geňeşmezden, üýtgedilmegi boýunça şu çaka çenli resmi düşündiriş berilmedi.

Emma muňa garamazdan, türkmenistanly synçylaryň we aktiwistleriň köpüsi 27-nji oktýabry goşa baýram hasaplaýar. Bu hasaba görä, şu ýyl täze Türkmenistanyň düýbüniň tutulanyna 99, garaşsyz bolanyna 32 ýyl bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.