Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Ermenistan Dagly-Garabagdaky partlamada 125 adamyň ölendigini aýdýar

Ermenistanyň saglyk ministri Anahit Awanesýan Dagly-Garabagda 25-nji sentýabrda bolan partlamada azyndan 125 adamyň ölendigini aýtdy.

Partlamada ejir çekenleriň 67 sanysyerewandaky Milli ýanyk ýaralary merkezinde ýerleşdirildi, olaryň köpüsiniň ýagdaýyna agyr we örän agyr diýlip baha berilýär.

Stepanakert (azerbaýjan ady Hankendi) şäheriniň golaýynda Ermenistana gitmekçi bolýan bosgunlara benzin berilýän ýangyç stansiýasynda bolan güýçli partlamada ilki 70 töweregi adamyň ýogalandygy habar berildi.

Deslapky maglumatlara görä, ýangyç vxkli awtoulag ýaryldy. Partlama nämäniň sebäp bolandygy häzirlikçe belli däl.

Azerbaýjan 19-njy sentýabrda on müňlerçe etniki ermeniniň ýaşaýan ýerinde, ykrar edilmedik Dagly-Garabag respublikasynyň çäginde özygtyýarlylygy dikeltmek üçin harby operasiýa başlady.

Ykrar edilmedik sebitiň ýolbaşçylary 20-nji sentýabrda Bakuwyň şertlerine boýun boldy.

Azerbaýjan häkimiýetleri Garabagyň ermeni ilatynyň gaýtadan birleşdirilmegi barada gepleşik geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.