Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

‘Dünýä türkmenleriniň 24-nji ynsanperwer duşuşygy dünýä türkmenleriniň meselelerini gozgamady’

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary 20-nji sentýabrda Aşgabadyň “Mekan” köşgünde 24-nji gezek maslahat geçirdi.

Programmamyzyň nobatdaky sany dünýä türkmenleriniň Aşgabatda geçiren maslahatyna gönükdirilýär.

Dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan etniki türkmenleriň ençemesi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Aşgabat duşuşyklaryny köplenç türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatlaryny dabaralandyrmaga, türkmen liderleriniň şahsyýet kultyny ösdürmäge gönükdirilýän syýasy çäreler hökmünde kabul edýändiklerini aýdýarlar.

Täleýiň oýunlary bilen öz ýurdundan jyda düşen türkmen diasporalarynyň wekilleri garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri tas her ýyl diýen ýaly Aşgabatda duşuşýar. Duşuşyklarda köplenç Türkmenistanda gazanylýandygy aýdylýan “ajaýyp üstünlikler” öwülýär, bu üstünlikleriň dünýä türkmenleriniň her birini buýsandyrýandygy gaýtalanýar.

Şeýle-de, dünýä türkmenleriniň Aşgabat duşuşyklarynda türkmen medeniýetiniň, diliniň we däbiniň ähmiýeti nygtalýar.

Biz dünýä türkmenleriniň Aşgabatdaky duşuşygy we dünýädäki türkmen diasporalarynyň ýüzbe-ýüz galýan käbir meseleleri dogrusynda söhbetdeşlik geçirmek üçin, gepleşigimize Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hallyny çagyrdyk.