Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi

Türkmenistandan we GDA-nyň beýleki ýurtlaryndan bolan aktiwistler 25-nji sentýabrda BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde ýygnanyp, adam hukuklaryna hormat goýulmagyny we syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler. Ýygnananlar öz ýurduny rus agressiýasyndan goraýan ukrain halky bilen raýdaşlyk hem bildirdiler. Protest çykyşlary 26-njy sentýabrda Waşingtondaky türkmen ilçihanasynda öňünde dowam etdirildi.

Türkmen aktiwistleri öz çykyşlarynda Mansur Mingelowyň, Nurgeldi Halykowyň, Myrat Duşemowyň, Jumasapar Dädebaýewiň, Myrat Öwezowyň we syýasy sebäplere görä tussag edilen beýleki bendileriň boşadylmagyny talap etdiler.

Bu çykyşlara gatnaşanlar, şeýle hem, türk polisiýasy tarapyndan maý aýynda tussag edilen we şondan bäri nirededigi belli bolmadyk blogçy Farhat Meýmankuliýewiň ykbaly baradaky soraglara jogap berilmegini, şeýle hem türkmen migrantlarynyň Türkiýeden mejbury deportasiýa edilmeginiň bes edilmegini islediler.

Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki piket. Öň tarapda Myrat Gurbanow, çepde syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer, sagda aktiwist Muhammet Düýeji. 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry
Türkmenistanyň Waşingtondaky ilçihanasynyň öňündäki piket. Öň tarapda Myrat Gurbanow, çepde syýasy tussag Mansur Mingelowyň daýzasy Nurjan Suzer, sagda aktiwist Muhammet Düýeji. 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry

Piketi gurnaýjylar, Waşingtonda Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde ýygnanmagy hem meýilleşdirdiler, ýöne soň bu çäräni ýatyrdylar. Guramaçylaryň biri, DWT oppozisiýa hereketiniň lideri Myrat Gurbanow piketçileriň öz talaplaryna jogap bermäge taýýarlyk bildiren türk ilçihanasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikden soň planyny üýtgedendigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi:

- "Türk ilçihanasynyň bir işgäri bilen gürleşdik we meseläni düşündirdik. 19-njy maýda Farhat Meýmankuliýewiň Stambulda tussag edilendigini we şondan bäri ykbalynyň näbelli bolandygyny habar berdik. Bize ol hakda maglumat gerek diýdik. Bize hökman berjekdiklerini aýtdylar. Ol [ilçihananyň wekili] Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde türkmen baýdaklary bilen çykyş etmezligimizi isledi we bize jogap bermek üçin wagt sorady. Bizi ilçihana çagyrdylar, şonuň üçin pikete derek biz gepleşik geçirmäge razy bolduk. Türk ilçihanasy aç-açanlyk bildirdi, emma Türkmen ilçihanasy hatda çykmady, ýöne polisiýa jaň etdi" .

30 ýaşly Farhat Meýmankuliýew 19-njy maýda öýünde tussag edildi we Stambulyň Tuzla etrabyndaky deportasiýa merkezine iberildi. Şondan bäri onuň ykbaly belli däl. Farhat Durdiýew ady bilen çykyş eden YouTube blogçysy, Türkmenistanyň häkimiýetlerine garşy tankydy çykyşlary bilen tanalýar.

Nýu-Yorkorkda we Waşingtonda protestleri guraýjylar öz çykyşlaryny Ýewropada dowam etdirmek planlaryny mälim etdiler.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýäniň iň repressiw we ýapyk ýurtlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda durmuş-ykdysady ýagdaýyň ýaramazlaşmagy, işsizligiň ýokary bolmagy we barha agyrlaşýan azyk ýetmezçiligi Türkmenistanda-da, ýurduň daşynda-da nägileligiň artmagyna sebäp boldy. Halkyň agyr ýagdaýyny resmi taýdan inkär edýän häkimiýetler, ilatyň nägileligine we raýat aktiwliginiň ýokarlanmagyna repressiýalary güýçlendirmek arkaly jogap berýär.

BMG-nyň baş edarasynyň öňünde ýygnanan demonstrantlar. Nýu-Ýork, 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabry.
BMG-nyň baş edarasynyň öňünde ýygnanan demonstrantlar. Nýu-Ýork, 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabry.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň habar bermegine görä, Türkmenistanda tüssag edilensoň ykbaly nämälim galýanlaryň sany ýüzlerçe adama ýetýär, olaryň ençemesi wyzdan ýesirleri hasaplanýar.

Mansur Mingelow - Türkmenistanda ýaşaýan buluç halkynyň hukuklary ugrunda göreşen aktiwist 2012-nji ýylda 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Aktiwistiň tarapdarlary onuň syýasy matlaply tussag edilendigini aýdýar.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňündäki piketiň gatnaşyjylary. Waşington, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňündäki piketiň gatnaşyjylary. Waşington, 2023-nji ýylyň 26-njy sentýabry.

26 ýaşly Nurgeldy Halykow 2020-nji ýylyň iýulynda tussag edildi we şol ýylyň sentýabr aýynda garaşsyz "Türkmen.news" neşirine COVID-19 pandemiýasy wagtynda Türkmenistana baran BSG-nyň işgärleriniň suratlaryny iberenden soň, galp aýyplamalar esasynda 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi.

Türkmen aktiwisti Myrat Duşemow lukmanlardan waksinasiýa baradaky resmi buýruk bilen tanyşmagy talap edensoň 2021-nji ýylyň awgust aýynda dört ýyl azatlykdan mahrum boldy.

Aktiwist Jumasapar Dadebaýew 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda zor bilen Özbegistana äkidildi.

“YouTube” blogçysy Murat Öwezow Türkmenistanda koronawirus we karantin hakda goşgular bilen wideo çap edeninden soň tussag edildi. “Turkmen.news” -yň habaryna görä, 48 ýaşly Öwezow bäş ýyl azatlykdan mahrum edilipdir.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.