Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Daşogzuň Tiz kömek merkezinde ýangyn boldy. Ýeten zyýan üçin işgärlerden ‘pul toplanýar’

Daşogzuň Tiz kömek merkezinde dörän ýangynyň netijesinde ýeten zyýany edaranyň öz işgärleriniň hasabyna mejbury dolmak talap edilýär.

Awgust aýynda demirgazyk welaýatyň merkezi şäheriniň Tiz kömek merkeziniň hojalyk işleri bölüminde uly ýangyn döredi.

Habarçymyz munuň edaranyň anyk işgärleriniň hereketi sebäpli ýüze çykandygyny, emma derňewiň netijesi boýunça munuň üçin hiç kimiň jogapkärçilige çekilmändigini anyklady.

“Ýangyn syrkawlaryň we işgärleriň kirlerini ýuwmak üçin niýetlenen bölümde döredi. Sanitarlaryň biri kir ýuwujy enjamlaryny birden işledip, başga ýerde öz işleri bilen gümra boldy. Bu enjamlaryň birinde ýangyn döräp, ol partlady. Ýangyn söndüriji gulluklar dört sagat çemesi ot bilen göreşdiler. Binanyň esasy merkezden aýratyn durandygy üçin, ulaglara we beýleki desgalara zyýan ýetmedi. Adam pidasy hem bolmady. Ýöne her biriniň bahasy 2 müň dollar bolan 10 sany kir ýuwujy enjam harap boldy” diýip, merkeziň işgärleriniň biri 26-njy sentýabrda habarçymyza gürrüň berdi.

Habarçymyz bu ýagdaýa ünsüzligi zerarly sebäp bolandygy aýdylýan sanitaryň adyny, onuň merkeziň ýolbaşçylarynyň biri bilen işden daşgary bardygy öýdülýän gatnaşyklary barada hem maglumat toplady. Emma gürrüňi gidýän şahslaryň hiç birinden kommentariýa almak başartmandygy sebäpli, olaryň atlaryny we gatnaşyk derejesini äşgär etmeýäris.

Merkeziň işgäri ýolbaşçylarynyň Aşgabatdaky emeldarlar bilen ylalaşyp, paranyň öwezine bu hadysany ýapdyrmagy başarandyklaryny hem gürrüň berdi. Azatlyk bu aýdylanlary öz çeşmelerine tassykladyp bilmedi, şeýle-de bu barada dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň degişli edaralaryndan maglumat alyp bilmedi.

Şol bir wagtda, ýetilen zyýanyň öwezini Tiz kömek merkeziniň öz işgärleriniň hasabyna dolunjak bolunýar.

“Merkezde işleýän lukmanlaryň, sanitarlaryň, şepagat uýalarynyň her birine 2 müň manat möçberinde pul tabşyrmak talap edildi. Bu näresmi ýagdaýda, ýanan kir ýuwujylaryň öwezini dolmak üçin edilýär” diýip, bu ýagdaýlary başdan geçirenleriň biri gürrüň berdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda bolýan ýangyn, ýol ýa tebigy hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçylary we garaşsyz neşirler käte adam pidalaryna getirýän tebigy, tehniki hadysalar we köçe-ýol, otly betbagtçylyklary barada ýygy-ýygydan habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.