Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Etniki arassalaýyş gorkulary arasynda, Garabag ermenileriniň aglaba bölegi sebiti terk edýär

Serhetden Ermenistana ýene we ýene müňlerçe adamy geçmegi bilen, etniki ermenileriň Dagly-Garabagdan bosup çykmagy Azerbaýjanyň ýyldyrym çaltlygynda harby hüjüm edip, bölünen sebiti doly gözegçilige alanyndan 10 gün soňam dowam etdi.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň metbugat sekretary Nazeli Bagdasarian 29-njy sentýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 10-da Ermenistana jemi 88,780 adamyň gelip girendigini, munuň sebitiň çak edilýän 120 müň ilatynyň üçden iki böleginden gowrak adam bolýandygyny aýtdy.

Paşinýan Azerbaýjany "etnik arassalaýyşda" aýyplady we ýakyn günlerde bölünip aýrylan sebitde hiç bir ermeniniň galmajakdygyny duýdurdy.

"Bu gönümel etniki arassalaýyş çäresi we biz bu barada halkara jemgyýetçiligine duýdurdyk" diýip, Paşinýan 28-nji sentýabrda geçirilen hökümet ýygnagynda halkara jemgyýetçiliginiň anyk çäre görmegine çagyrdy.

Baku etniki arassalaýyş aýyplamalaryny ret etdi we bu sebitiň etniki ermeni ilatyny Azerbaýjana "gaýtadan birleşdirmek" isleýändigini aýtdy.