Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Towuk budy we ýumurtga 'bolçulygy' uzaga çekmedi

Türkmenistanda azyk gytçylygy ýene güýçlenýär. Tomus aýlarynda dörän çörek we un ýetmezçiligine soňky hepdelerde towuk etiniň we ýumurtgasynyň azalmagy goşuldy. Azatlygyň habarçylary bu azyk harytlarynyň satylan wagtynda adam başynda çäkli möçberde berilýändigini aýdýarlar.

Şu günler paýtagtda ýumurtgany we towuk budlaryny satyn almak üçin birnäçe sagatlap nobata durmaly bolýar. Esli wagtlap garaşan alyjylara azygyň çäkli möçberi satylýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy sentýabrda beren habaryna görä, bir adama diňe 10 ýumurtga we 3 sany towuk budy satylýar.

Bu harytlar döwlet tarapyndan kesgitlenen subsidirlenen bahadan satylýar. Bu önümler un, çörek, ösümlik ýagy we şeker bilen birlikde köpçülik tarapyndan iň köp satyn alýar. Döwlet dükanlarynda bu azyk önümleriniň şu günki bahasy: towuk budy bir kilogramy - 16 manat, ýumurtga 10 sanysy - 5 manat, şeker bir kilogramy - 7 manat we un bir kilogramy - 1 manat.

Ýumurtga gytçylygy bazarlarda-da şu aýyň başynda güýçlendi. Habarçylar täjirçilik nyrhyndan ýumurtganyň şu günler bazarlarda we supermarketlerde satuwda peýda bolup başlandygyny aýdýarlar. Bazarlarda ýumurtga adam başyna 30 sanysy 30 manatdan satylýar.

Habarçymyz soňky aýlarda subsidirlenen bahadan açyk satylan towuk ýumurtgasynyň we etiniň häzirki gytçylygynyň ilat arasynda aladalary artdyrýandygyny, sebäbi ondan ozalky ýyllarda bolan agyr azyk krizisini ýada salýandygyny belledi.

"Prezident Serdar Berdimuhamedowyn prezident saýlanmagyndan soňra paýtagtda towuk budy, towuk ýumurtgasy, seker dowlet tarapyndan kesgitlenen bahadan ilata köplenç bökdençsiz satyldy. Häzir bolsa, olar ýene-de gaýtadan gytalyp başlady, azyk gymmtlaýar we beterleşmek tendensiýasy göze ilýär" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçylarymyz häzirki wagtda subsidirlenen önümleriň sanawyna girýän harytlardan diňe şekeriň satuwda entek bardygyny we ony döwlet nyrhyndan ýagny bir kilogramy 7 manatdan satyn alyp bolýandygyny aýdýarlar.

Soňky aýlarda ýurtda un we çörek gytçylygy güýçlendi. Welaýatlarda her aý adam başyna 5 kilogramdan hasaplanýan un paýy birnäçe aýlap satylmady. Aşgabatda bolsa, şu aýyň başynda döwlet dükanlarynyň ençemesinde ilata içi bitli we gurçukly un satyldy. Hatda söwda resmileri-de alyjylara ony asla iýmezligi maslahat berdiler we iýmäge ýaramly bolmadyk uny satmak barada özlerine ýolbaşçylarynyň buýruk berendigini aýtdylar.

Paýtagtda azyk üpjünçiligi ýurduň beýleki ýerleri bilen deňeşdirilende ganymat hasaplanýar. Hatda Aşgabadyň golaýyndaky Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary un we çörek satyn almak üçin paýtagtda barmaly bolýarlar. Şeýle-de, paýtagyň hut eteginde ýerleşýän obalarda döwlet dükanlarynda subsidirlenen azyk önümleri we adam başyna her aýda berilmeli un paý satylanda, olaryň gapdalyndan geçmeýän harytlar ýüklenýär. Alyjylardan otly çöp, sakgyç, depder daşlary we miwe şireleri ýaly gündelik zerurlygy bolmadyk harytlary satyn almak talap edilýär.

Azyk ýetmezçiligi ilatyň nägilelikli çykyşlaryna sebäp boldy. Awgustyň başynda Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykyp, fewraldan bäri un, ýag ýaly azyk paýlarynyň berilmeýändigine açyk nägilelik bildirdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.