Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Öňki tussag prezidenti we onuň kakasyny öwüp, täze aýdym döretdi

Aýdymçy Nazir Habibow, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli, “Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza şöhrat” atly täze, şekilli aýdym döretdi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Şeýle-de, onuň şu ýylyň dowamynda “Arkadagly Serdarym” we “Türkmenistan” atly aýdymlar albomyny taýýarlap, diňleýjilere hödürländigi bellenýär.

Türkmen telewideniýesi ozal bu aýdymçyny neşe söwdasy bilen tutulan adamlaryň arasynda görkezipdi. Ol geçen ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlyk baýramyna gabat yglan edilen prezident günä geçişinde azatlyga çykdy.

Azatlygyň çeşmeleriniň aýdymçy tussag edileninden soň beren habarlaryna görä, Nazir Habibow 2016-njy ýylyň oktýabrynda geçirilen kazyýet işinde günäli tapyldy.

Şol bir wagtda, özüne garşy beren görkezmesi telewideniýe arkaly halka ýetirilen aýdymçynyň bir täsirli adamyň toý çakylygyny kabul edip bilmändigi üçin ejir çekendigini aýdýanlar hem bar.

Çeşmeler oňa kesilen ýyl barada iki hili maglumat berdiler. Birinji maglumata görä, aýdymça 12 ýyl, ikinji maglumata görä bolsa 15 ýyl tussaglyk hökümi çykaryldy.

Türkmenistanda, neşe söwdasyna garşy girizilen berk çäreleriň arasynda, neşe aýyplamalary esasynda tussag edilenler günä geçişe düşürilmeýär.

Ikinji tarapdan, kazyýet işleri barada resmi düşündiriş alyp bolmazlygy, tussaglaryň ýa-da olaryň garyndaşlarynyň, şol sanda aklawçylaryň öz howpsuzlygyny alada etmegi, ýerli metbugatyň bu hili işlerden çetde durmagy netijesinde, Türkmenistanda ol ýa-da beýleki jenaýatda aýyplanan, günäli tapylan adamlaryň hakykatda günäli bolandygyny ýa-da bolmandygyny aýtmak kyn.