Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Aktiwistler Nýu-Ýorkda, Waşingtonda syýasy tussaglaryň türmeden boşadylmagyna çagyrdylar

Türkmenistanly we beýleki GDA ýurtlaryndan bolan aktiwistler 25-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde ýygnanyşyp, adam hukuklarynyň hormatlanylmagyny, syýasy tussaglaryň boşadylmagyny talap etdiler, Russiýanyň çozuşyndan öz ýurtlaryny goraýan ukrain halkyna raýdaşlyk bildirdiler we 26-njy sentýabrda öz protestlerini Waşingtondaky türkmen, türk ilçihanalarynyň öňünde dowam etdirdiler.

Türkmenistanly aktiwistler öz çykyşlarynda syýasy sebäpler esasynda türmä basylandygy aýdylýan Mansur Mingelowyň, Nurgeldi Halykowyň, Myrat Düşemowyň, Jumasapar Dädebaýewiň, Myrat Öwezowyň we beýlekileriň tussaglykdan boşadylmagyna çagyrdylar.

Şeýle-de, çykyşlarda türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen we häzir nirede saklanylýandygy aýdylmaýan blogçy Farhat Meýmankuliýewiň ykbaly baradaky soraglara jogap berilmegi, türkmen migrantlarynyň Türkiýeden zor bilen deportasiýa edilmeginiň togtadylmagy talap edildi.

Ýygnanyşygyň gurmaçylarynyň biri, DWT hereketiniň lideri Myrat Gurbanow öz çykyşynda protestleriň Ýewropada hem dowam etdiriljekdigini aýtdy.