Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony Blinken Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň halkyny ABŞ hökümetiniň adyndan 27-nji sentýabrda bellenilýän Milli günleri bilen gutlaýaryn diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antony Blinkeniň çap eden gutlagynda aýdylýar.

Gutlagda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistanyň ýurduň oňyn bitaraplyk ýörelgelerinden gözbaş alýan garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we toprak bitewiligine üýtgewsiz ygrarly galýandygy bellenýär.

Geçen ýylda gazanan ikitaraplaýyn üstünliklerimiz barada oýlananymyzda, biz özümiziň 32-nji ýyllyk diplomatik gatnaşyklarymyza ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, howa krizisine garşy göreşmäge, sebit howpsuzlygyny berkitmäge we adam hukuklaryny mundan beýläk hem ilerletmäge mümkinçilik hökmünde garaşýarys diýip, amerikan diplomaty aýtdy.

Şeýle-de, gutlagda Türkmenistan bilen Birleşen Ştatlaryň dostlugynyň halklaryň arasyndaky berdaşly gatnaşyklara, bilim we medeni alyş-çalyşlar, iňlis dili programmalaryna, medeni mirasy gorap saklamakdaky hyzmatdaşlyga daýanýandygy aýdylýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň ösmegi bilen, men öz ýurtlarymyzyň halklarynyň gelýän ýyllarda hasam ysnyşmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary türkmenistanlylaryň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli çap eden gutlagynda aýdýar.