Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Ýeňillikli azyk paýlarynyň ýany bilen zerurlygy bolmadyk harytlary satyn almak şert goşulýar

Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalardaky döwlet dükanlarynda ilatyň azyk paýlarynyň gapdalyndan möhleti geçen ýa-da hili pes harytlary satyn almaklyk talap edilýär. Ýerli ýaşaýjylar goşmaça çykdajylara getirýän zerur däl harytlaryň söwda emeldarlarynyň buýrugy bilen satylýandygyny aýdýarlar.

Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda ençeme hojalyklar döwlet dükanlary tarapyndan hödürlenilýän ýeňillikli azyk paýlaryna garaşly galýar. Bazar bahalary bilen deňeşdirilende arzan bahadan, ýöne her hojalyga çäkli we kesgitli möçberlerde satylýan azyk harytlary ilatyň durmuş üpjünçiligine goşmaça kömek bolýar.

Ýöne Aşgabadyň eteginde ýerleşýän obalaryň döwlet dükanlary ilatyň azyk paýlarynyň gapdalyndan mürepbe, otly çöp, sakgyç, depder daşlary we miwe şireleri ýaly gündelik zerurlygy bolmadyk harytlaryň satyn alynmagyny şert goşýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe oba ýaşaýjysy azyk paýlaryny almak üçin alyjylardan goşmaça harytlaryň satyn alynmagynyň hökmany talap edilýändigini aýdýarlar.

“Obalardaky döwlet dükanlarynda subsidirlenen unuň we kesgitli bahadan satylýan towuk ýumurtgasynyň ýany bilen möhleti geçen, möhletiniň tamamlanmagyna sähel galan, ýa-da hili pes we hökmany zerurlygy bolmadyk önümler alyjylara mejbury satylýar” diýip, paýtagtdan çetde ýerleşýän bir daýhan birleşigiň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azyk paýlaryny almak üçin goşmaça harytlary satyn almaklyk şert goşulýar, şol bir wagtda, ýerli ýaşaýjylar bu mesele babatda özleriniň arz-şikaýatlarynyň diňlenilmeýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Gara bazarda daşary ýurt walýutasynyň bahasynyň resmi alyş-çalyş bahasyndan birnäçe esse ýokary galýan mahaly, bazarlarda emele gelen gymmatçylyk ilaty ýeňillikli azyk paýlaryna mejbur edýär. Şol bir wagtda, ilatyň aýlyk girdejileriniň bazar bahalaryna gabat gelmezligi, adamlaryň satyn alyjylyk ukybynyň pese gaçmagy hem ýeňillikli azyk paýlarynyň gymmatyny artdyrýar. Şeýle şertlerde, alyjylar döwlet dükanlarynda azyk paýlarynyň gapdalyndan berilýän zerur däl harytlary satyn almaga razy bolmaly bolýarlar.

Üstesine, habarçymyzyň söhbetdeşleri subsidirlenen önümleriň gapdalyndan zerur däl harytlaryň satyn alynmagynyň söwda resmileri tarapyndan görkezme berilýändigine ynanýandyklaryny aýdýarlar.

“Adamlar söwda ministriniň ýa-da kabinet ministrliginde söwda pudagyna gözegçilik edýän emeldaryň görkezmesi bolmazdan şeýle eden-etdilige ýol berilmejekdigine düşünýärler” diýip, bir oba ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy Aşgabadyň çetinde ýerleşýän obalardaky döwlet dükanlarynda ilatyň ýeňillikli azyk paýlaryny almak üçin goşmaça harytlary satyn almaga mejbur edilmegi barada Türkmenistanyň söwda ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary sentýabryň birinji hepdesinde Ahal welaýatynyň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän etraplarynyň ýaşaýjylarynyň öz ýaşaýan sebitlerinde un üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän kynçylyklaryň arasynda çörek satyn almak üçin paýtagtyň dükanlaryna gatnaýandyklaryny habar berdiler.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahal welaýatynyň etraplarynda her bir hojalyga kesgitlenen möçberde 10 kilogram unuň ýeňillikli bahadan azyk paýlary hökmünde satylýandygyny, un üpjünçiliginiň kadaly däldigini we paýlanýan unuň hiliniň pesdigini habar berdiler.

Awgustyň ahyrynda häkimiýetler Aşgabat şäherindäki döwlet dükanlarynda ilata un paýlarynyň gapdalyndan alma mürepbeleriniň satyn alynmagynyň talap edilýändigini habar berdiler.

Ýeňillikli azyk önümlerine mätäç raýatlar esasy tölegleriniň gapdalyndan döwlet dükanlaryndaky goşmaça harytlar üçin hem harajat çykarmaga mejbur bolýarlar.

Paýtagtyň eteginde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylary goşmaça harytlar babatdaky arz-şikaýatlaryň netije bermeýändigini aýdýarlar.

“Arz-şikaýat bilen dürli guramalara ýüz tutan adamlar özara gürrüňdeşliklerde arz-şikaýatlara jogap berilmeýändigini aýdýarlar. Şonuň üçin ilat sesini çykarman takdyra kaýyl bolmaly bolýar” diýip, bir oba ýaşaýjysy aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ilatyň azyk paýlary bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada habar bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.