Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

ABŞ, Angliýa Kara-Murzanyň türmeden boşadylmagyna çagyrýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Britaniýa görnükli Kreml tankytçysy Wladimir Kara-Murzanyň tussaglykda belleýän ikinji doglan gününe gabat onuň ‘syýasy sebäpler’ esasynda jezalandyrylmagyny berk ýazgardy we, golaýda täze, başga bir türmä geçirilen hem-de saklanylýan ýeri aýdylmaýan bendiniň haýal etmän boşadylmagyna çagyrdy.

ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy 7-nji sentýabrda çap eden beýanatynda 42 ýaşy dolan Kara-Murzanyň derrew boşadylmagyna, şeýle-de Russiýada bendilikde saklanylýan 600-den gowrak syýasy tussagyň azat edilmegine çagyrdy.

Bendiniň aýaly Ýewgeniýa Kara-Murza iki gün ozal adamsynyň "doly gizlinlikde, näbelli bir ugra" geçirilendigini aýtdy we taryhy tejiribelre salgylanyp, bu hili başga ýere "geçirişiň syýasy tussagyň durmuşynda örän, belki-de iň bir howply döwür bolup bilýändigini" görkezýändigini aýtdy.

"Kara-Murzanyň aýtmagyna görä, häkimiýete hakykaty aýtmak döwletiň "duşmany bolmak" däl-de, “watançylyk hereketi" bolup durýar” diýip, ABŞ-nyň Moskwadaky ilçihanasy aýtdy.

Kara-Murza dönüklik, islenmeýän toparyň işine gatnaşmak we Russiýanyň ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmek aýyplamalary bilen 25 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň tarapdarlary bu işi syýasy maksatly diýip atlandyrdylar.