Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

ABŞ, ÝB: Belarusyň pasport düzgüni raýatlary esasy hukuklaryndan mahrum edýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi Belarusyň awtoritar lideri Aleksandr Lukaşenkanyň daşary ýurtdaky belarus raýatlarynyň pasport möhletleriniň uzaldylmagyny gadagan edýän kararyny ýazgardy.

"Lukaşenka režiminiň daşary ýurtlardaky raýatlara berilýän pasport hyzmatlaryny togtatmak baradaky karary daşary ýurtlarda ýaşaýan müňlerçe belarusla zyýan ýetirýär we režimiň öz halkynyň öňündäki esasy borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwürmegine şaýatlyk edýän uzyn sanawy düzýän soňky karar bolup durýar” diýip, Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Matthew Milleriň beýanatynda aýdylýar.

Miller bu kararyň ýeke-täk maksadynyň daşary ýurtlarda ýaşaýan adaty belaruslylaryň durmuşyny has kynlaşdyrmakdan ybaratdygyny, şeýle-de onuň 2020-nji ýyldaky prezident saýlawlaryna garşy guralan giň gerimli demonstrasiýalar basylyp ýatyrylandan soň ýurtdan gaçmaga mejbur bolan müňlerçe belarusla edilýän sütemiň we ar alysyň başga bir görnüşini görkezýändigini aýtdy.

ÝB-niň metbugat sekretary Piter Stano şu hepdäniň başynda çap edilen kararyň Lukaşenkanyň “bikanun” režiminiň “Belaruslylaryň esasy hukuklaryny düýbünden äsgermeýändigini” görkezýändigini aýtdy.