Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Aklawçy: Kreml tankytçysy Kara-Murza Sibir türmesine getirilip, jeza kamerasynda ýerleşdirildi

Kremliň uzak wagtlyk tankytçysy, Ukraina çozulmagyny tankytlandygy üçin dönüklikde aýyplanan we 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen Wladimir Kara-Murza Sibirde iň ýokary howpsuzlyk derejesindäki türmä eltilip, derrew jeza kamerasyna ýerleşdirildi diýip, aklawçy aýtdy.

Aklawçy Wadim Prohorow bu maglumaty Kara-Murzanyň öz aklawçysy Mariýa Eismonta ýazan hatyna salgylanyp aýtdy.

Ol rus-iňlis raýatynyň Omskdäki IK-6 türmesinde näme üçin jezalandyrylandygy belli däl diýdi.

Onuň gizlinlik ýagdaýynda Moskwadan Omsk şäherine geçirilmegi üç hepde töweregi wagt aldy.

ABŞ-nyň kanun çykaryjylary ýakynda Baýden administrasiýasyny ABŞ-da uzak wagtlap ýaşan Kara-Murzany "nädogry tussag edilen" diýip atlandyrmaga çagyrdy.