Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň hatyrasyna sadaka berildi

Şu gün Aşgabatdatň Köşi etrapçasynda ýerleşýän Mahmyt işan metjidinde BAE-niň ozalky prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň hatyrasyna sadaka berildi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, BAE-niň 73 ýaşyndaky prezidenti 13 maýda ýogaldy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky türkmen wekiliýeti Abu-Dabi şäherine gulluk baryp, merhumyň hatyra çärelerine gatnaşdy.

G.Berdimuhamedow BAE-niň merhum prezidentiniň Türkmenistanda bitiren ägirt uly haýyr-sahawatlylyk işleri giňden tanalýandygyny aýratyn belländigini hem habar berýär.

G.Berdimuhamedow BAE-niň täze saýlanan prezidenti Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşanda merhumyň haýyr-sahawat işlerini ýatlap, onuň Aşgabat şäherindäki metjidiň, «Döwletliler köşgüniň», «Ene mähri» merkeziniň, Halkara iç keselleri merkeziniň gurulmagynda, «Arçman» şypahanasynyň döwrebaplaşdyrylmagynda, Marydaky Çagalar hassahanasynyň gurluşygynda, Marynyň Halkara howa menziliniň döwrebaplaşdyrylmagynda, «Döwletliler köşgüne» haýyr-sahawat goldawlarynyň berilmeginde aýratyn uly tagallasynyň bardygyny nygtady.

Şonda türkmen mediasy merhumyň belli gününiň Türkmenistanda hem bellenjekdigini habar beripdi.

Sadaka Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berildi.

"Türkmenistanyň Hronikasynyň” maglumatyna görä, býujet edaralarynyň işgärleri bu çärä gatnaşmaga borçly edildi we, şunuň bilen baglylykda, paýtagtyň mekdeplerinde sapaklar ýatyrylyp, mugallymlar sadaka iberildi.