Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Bloomberg: Germaniýa ýylyň aýagyna çenli rus nebitinden ýüz öwrer

ÝB ýurtlary Russiýanyň Ukraina hüjümine jogap hökmünde nobatdaky sanksiýalar toplumynyň çäginde ýangyç almak gadaganlygy barada ylalaşyp bilmese-de, Germaniýa rus nebitini import etmekden ýylyň aýagyna çenli ýüz öwrer diýip, "Bloomberg" neşiri habar berýär.

Çeşmeleriň maglumatyna görä, Germaniýanyň hökümeti alternatiw üpjünçilik meselesini alty-ýedi aýyň içinde çözüp biljekdigine ynanýar. Emma entek nebit ýetmezçiliginiň öwezini haýsy ýurtlaryň dolup biljekdigi aýdylmaýar.

Germaniýanyň Ykdysadyýet ministrliginiň maglumatyna görä, Moskwa Ukrainada harby operasiýasy başlaly bäri, Russiýanyň Germaniýa iberýän nebitiniň mukdary 35 göterimden 12 göterime çenli azaldy.

«Rosneft” tarapyndan dolandyrylýan we Ýewropanyň iň uly nebiti gaýtadan işleýän kärhanasy bolan Şwedt zawodynyň üpjünçiligi esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Hususan-da ol Berliniň halkara howa menzilini ýangyç bilen üpjün edýär. "Bloombergiň" we "Roýtersiň" maglumatlaryna görä, häkimiýetler bu zawody öz gözegçiliklerine almak mümkinçiligine seredýärler.