Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Dagly-Garabagdan göçýän adamlar ýollaryň dykyn almagyna sebäp boldy

Azerbaýjanyň geçen hepde bölüniji sebitde gazanan ýeňşinden soň güýçlenýän tolgunyşyklaryň arasynda, Dagly-Garabagdan gaçýan müňlerçe etniki ermeni Ermenistana barýan ýollaryň dykyn almagyna sebäp boldy, paýtagt Ýerewanda premýer-ministr Nikol Paşinýanyň syýasatyna garşy protest bildirip, köçeleri petiklän demonstrantlaryň onlarçasy tussag edildi.

Ermenistanyň hökümeti 25-nji sentýabrda, ýerli wagt bilen ir sagat 6-a çenli ýurda 3000 töweregi bosgunyň girendigini aýtdy, Dagly-Garabagyň içindäki de-fakto resmiler benzin stansiýalarynyň göçýänler üçin mugt ýangyç berjekdigini aýtdy.

Sebitden çykyp gaýdan birnäçe ýüz bosgunyň ilkinji tapgyry Ermenistana 24-nji sentýabrda gelip başlady, Dagly-Garabag liderleri takmynan 120,000 etniki ermeniniň ählisiniň gysga wagtda Kawkaz döwletiniň çägine gitmeginiň mümkindigini aýtdylar.

Baku ol ýerdäki parahat ilatyň hukuklaryny goramagy wada berenem bolsa, resmileriň aýtmaklaryna görä, olar Azerbaýjanyň gözegçiligi astynda ýaşamak islemeýärler.

Ermenistanyň bosgunlary kabul edip başlamagy bilen, geçen hepde gysga wagt içinde elden giderilen sebit sebäpli dörän gahar-gazap güýçlenip, nägile bolan adamlar Ýerewanyň köçelerine dökülmegini dowam etdirdi.