Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Daşkentde aklanylýan 'basmaçylar' Aşgabatda näme üçin ýatlanylmaýar?

Bolşewikleriň serdary Iosip Staliniň 1931-nji ýylyň 5-nji awgustynda, kommunistik partiýanyň merkezi komitetiniň syýasy býurosynyň ýygnagyny geçirip, Türkmenistanda basmaçylyk meselesi barada çykyş edenine we öz mertebesini goramaga synanyşýan adamlara jeza çäreleriniň görülmegine buýruk berenine geçen aýda, awgustyň başynda 92 ýyl boldy. Şu aralykda Özbegistanda, ýerli synçylaryň birnäçesiniň Azatlyga aýtmaklaryna görä, “türkmen ýolbaşçylary bilen ‘saçakly gatnaşýan’ özbek lideriniň eýelän syýasy we taryhy pozisiýasy esasynda, sowet häkimiýetlerine garşy eli ýaragly göreşen we ‘basmaçy’ diýlip atylan, sürgün edilen adamlaryň ýüzlerçesi aklanyp, taryhy hakykat belli bir derejede dikeldildi.” Bu ýagdaý bolşewikleriň serdaryny uly alada goýan türkmen ‘basmaçylarynyň’ ýatlanylmazlygynyň we aklanylmazlygynyň mümkin bolan sebäpleri baradaky soraglary ýene bir gezek gün tertibine getirdi.

Azatlyk radiosy mundan öň bu mesele barada Türkmenistanda ‘basmaçy’ diýlip ýazgarylan adamlaryň ýüzbe-ýüz bolan kyn synaglaryny mümkin boldugyça anyk öwrenmäge synanyşan we birnäçe taryhy eser ýazan halypa ýazyjy, publisist Amanmyrat Bugaýew bilen birnäçe audio söhbetdeşlik gurnapdy. Onuň şol söhbetdeşliklerde aýtmagyna görä, taryh bolan wakalardan dogry netije çykarmak we olaryň soňra ýene gaýtalanmagynyň öňüni almak üçin öwrenilmeli. Emma Aşgabatdaky hökümet diňe ‘basmaçylar’ diýilýänler barada däl, basybalyjylara garşy deň bolmadyk söweşe giren halk gahrymanlary barada hem ymykly dymmagy saýlap alana meňzeýär.

Türkmen taryhçysy Jumadurdy Annaorazowyň “Türkmenistandaky “Basmaçylyk hereketi” 1918-1920-nji ýyllaryň graždanlyk urşunyň dowamy” diýen at bilen çap etdiren ylmy monografiýasyndan gelip çykýan netijä görä, "Basmaçylyk hereketi" diýilýän türküstanly türkleriň rus baknalygyndan gutulmak, milli garaşsyzlyklaryna eýe bolmak ugrunda alyp baran hereketi bolup durýar.

Taryhçy alym bolşewikleriň 1917-nji ýylyň rewolýusiýasyndan ýa-da döwlet agdarylyşygyndan soň, 1918-nji ýylyň fewralynda Kokandy basyp alandygyny, şeýlelikde Sowet Russiýasynyň Türküstan intelligensiýasynyň 1917-nji ýylda döreden "Türküstan milli awtonom hökümetini” agdarandygyny, şundan soň Kokand şäherinde “Basmaçylyk hereketiniň” peýda bolandygyny belleýär.

Onuň sözlerine görä, bu hereket Fergana jülgesinde Ergeş baýyň, Mangilan oblastynda bolsa Muhammet Emin Bekiň ýolbaşçylygynda başlanyp, gysga wagtda bütin Türküstany gaplap alan gozgalaňa, garaşsyzlyk ugrundaky ägirt uly herekete öwrülýär.

Ýewropa ýurtlarynda ýaşaýan we J.Annaorazowyň 'bamaçylyk hereketine' bagyşlap ýazan uly göwrümli ylmy monografiýasy bilen tanşan iki türkmeniň bir-birinden habarsyz aýdan sözlerine görä, sowet ideologiýasyna goşulyp, sowetlere garşy ýaragly gozgalaňa çykan adamlary garalan ýa garalajak bolan ýazyjy-şahyrlaryň, taryhçy alym diýilýänleriň ähli eden işi faktlaryň üstüni örtmek ýa-da olary başgaça, diňe bolşewik ideologiýasy nukdaý nazryndan düşündrjek bolup ýalan sözlemek bolupdyr.

Şol bir wagtda, Azatlygyň söhbetdeşleri J.Annaorazowyň bu işiniň türkmen mekdeplerinde, ýokary okuw jaýlarynda hökmany okalmaly kitaplaryň sanawyna girizilmelidigini, alymyň alyp baran ylmy-barlag, gözleg işlerinden gelip çykýan netijeler esasynda metbugatda çekişmeleriň, pikir alyşmalaryň guralmalydygyny, halk arasynda awtor bilen duşuşyklaryň, sorag-jogap alyşmalarynyň geçirilmelidigini, onuň janly leksiýalarynyň guralamalydygyny we bu maglumatlaryň radio, telewideniýe arkaly halka giňden ýetirilmeldigini öňe sürýärler.

Bellemeli ýeri, taryhçy alymyň gelýän netijeleri Türküstan awtonom respublikasynyň halk komissarlar sowetiniň başlygy, soňra özi hem sowet repressiýasynyň pidasy bolan Gaýgysyz Atabaýewiň 1922-nji ýylyň 15-nji iýunynda, Türküstan Awtonom sowet respublikasynyň Merkezi Ispolnitel komitetiniň 4-nji plenumynyň 5-nji mejlisinde açyk aýdan netijelerine gabat gelýär. G.Atabaýew şonda, bu meseleleri ýakyndan öwrenen ýazyjynyň tassyklamagyna görä, şeýle diýipdir: “Soňky dört ýylda basmaçylyk ýok edilmekden geçen, gaýta tersine, ol Ferganada ösdi, başga oblastlara ýaýrady hem-de Samarkandyň ähli ýerini, Surhanderýa we türkmen oblaslarynyň köp bölegini eýeledi. Munuň sebäbi biziň soňky dört ýylda alyp barýan ähli işimiziň ilatyň arasynda asyrlar bäri ornaşyp gelen ýaşaýyş düzgünlerine, durmuşyna, däp-dessurlaryna doly ters gelmegidir." Gaýgysyz Atabaýewden sitatanyň soňy.

'Basmaçy' sözi Türkmen diliniň sözlügine 'sygmady'

“Basmaçy” sözi, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan dilçileriň aýtmagyna görä, “basmak” işliginden at ýasaýjy -çy, -çi goşulmasy goşulyp ýasalan at bolup, sowetler ony türkmen dilinde öňden bar bolan "galtaman", garakçy, talaňçy manylarynda ulanypdyrlar, emma bu söz türkmen diliniň 1962-nji ýylda çap edilen uly sözlügine, näme üçindir, girizilmändir.

Käbir pikirlere görä, sowet propagandasynda hökümete garşy çykan ýaragly gozgalaňçylar babatynda giňden ulanylan sözüň uly sözlüge girizilmezligi, belki-de, dilçileriň şol döwürde, Nikita Hruşewiň ozalky partiýa lideri Iosif Stalini tankytlap eden syýasy göçümleriniň arasynda ýürek eden özboluşly protesti bolandyr diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran türkmen dilçisi aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, sowet döwründe "basmaçylar" diýlip atlandyrylan adamlar, "baý", "kulak" diýlip, "halk duşmany" diýlip häsiýetlendirilen ildeşleri hakynda ýazylan bir taraply eserleri okap ulalan nesiller 1980-nji ýyllaryň ortalarynda eýýäm başgaça pikirlenip başlapdylar, ozal bu meselelere diňe bolşewikler ideologiýasy nukdaý nazaryndan sereden taryhçylaryň, ýazyjylaryň käbiri täzeden halk hakydasyna we arhiw maglumatlaryna, şol sanda sowet senzurasynyň çap etmäge rugsat beren bir taraply maglumatlaryna gaýtadan seredip, "basmaçy", ýagny garakçy hökmünde näletlenen adamlar babatyndaky taryhy hakykaty täzeden açmak hyýalyna münüpdi.

Emma bu höwes, wakalaryň içinde bolan bir neşirýatçynyň aýtmagyna görä, şol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň döredilmegi, onuň Eziz han, Jüneýit han ýaly adamlaryň halk içindäki at-abraýyndan gorkmagy sebäpli boglup ýatyryldy.

“1992-njiy ýylda ýazyjy Rahym Esenowyň “Eziz han hakda hakykat” atly kitaby çap edileninden soň, bu işi türkmen diline terjime eden we “Seniň taryhyň” diýen sözbaşy astynda ýoýulan taryha düzediş girizýän işleri çap edip başlan ýazyjy Nargylyç Hojageldiýewe şol wagt prezident köşgünde işleýän tanşyndan duýduryş geldi. Ol duýduryşda “Ýaşuly (Saparmyrat Nyýazow) her tire öz hanyny götergiläp, öwüp başlasa bolmaz diýýär” diýilýärdi. Bu gürrüň derrew ýazyjylaryň arasyna ýaýrady we ediljek uly işlere gaty ýaramaz täsir etdi” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýazyjy Azatlyga gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen bir raýatyň aýtmagyna görä, Türkmenistan postsowet ýurtlarynyň içinde ilki patyşa Russiýasy döwründe, soň bolşewikler döwründe ýurduny gorap, ol ýa-da beýleki görnüşdäki repressiýa sezewar bolan adamlaryň ykbalyna täzeden, milli bähbitleri nukdaý nazaryndan seretmedik ýeke-täk ýurt bolup durýar.

"Rus patyşasy döwründe, soň Stalin gurbanlary bolan ýa-da Sibire sürgün edilen müňläp türkmenistanly 1991-nji ýylda garaşsyz bolan türkmen döwletiniň öňünde teoriýa taýdan şindem “garadonly adamlar” bolup galýar, olaryň nesilleri üç arka maglumatlarynda henizem özleriniň "watan dönüginiň agtygy ýa çowlugy” bolup durýandygyny görkezmezlikde aýyplanyp biler” diýip, radionyň söhbetdeşi 1930-njy ýyllarda Ýerbent etrabynda ýaşaýan gumlularyň “baýlar, basmaçylar howpy” bilen baglylykda Lebap sebitiniň Hatap daýhan birleşigine, Köýtendagyň Dostluk daýhan birleşigine zor bilen göçürilişini mysal getirdi.

Söhbetdeşimiziň bu mysal, gumlularyň Ýerbentden göçürilişi barada garaşsyzlyk ýyllarynda Saparmyrat Nyýazowyň şahsyýet kultunyň döredilmeginde esasy rol oýanan ýazyjylaryň biri hasaplanylýan Berdinazar Hudaýnazarow heniz sowet döwründe “Gumlular” atly roman döredipdi, ýöne ýazyjy ýurt garaşsyzlygy ýyllarynda bu tema täzeden dolanmady.

“Ýurdumyzyň garaşsyz bolanyna 33 ýyl bolsa-da, bolşewikler döwründe we ondan öň watan gorap, “basmaçy”, “duşman” atlary dakylan adamlaryň şu günlere çenli hem aklanmazlygyna möwritini ötüren rus patyşalygynyň ýa-da leninçi režimiň nähili täsiri bolup biler diýen sorag köp adamy oýlanmaga mejbur edýär. Postsowet döwletleriniň tas ählisi özleriniň 1870-1950-nji ýyllar aralygynda öňki režim tarapyndan watan dönükleri hökmünde ýazgarylan, atylan, sürgün edilen adamlaryny aklap, olaryň käbiriniň “dönük” atlaryny “gahryman” ady bilen çalşyrdy, käbiriniň atlaryny ebedileşdirmäge başlady. Türkmenistanda bolsa olara henizem “basmaçylar”, “watan dönükleri” hökmünde garaýan az däl. ...hatda Gökdepe şehitleriniň Hatyra gününiň 12-nji ýanwardan başga güne, ýer yranan güne geçirilmegi döwletimiz öz garaşsyzlygyna ynanmaýarmyka, taryhda bolan, geçen döwürleriň gaýtadan yzyna gelmeginden gorkýarmyka diýen soragy döredýär” diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen raýat aýtdy.

Türkmenistanyň içinde ilki birinji prezidentiň, soň ikinji prezidentiň şahsyýet kultunyň, olaryň adyndan çap edilen kitaplaryň kultunyň döredilmegi, onlarça ýazyjy-şahyryň, žurnalistiň dilden berlen görkezmeler esasynda gara sanawa salynmagy, aýdylmagyna görä, türkmen okyjysynyň gaýtadan, sowet döwründäkiden hem beter kitap, maglumat, hakyky we köp taraply analiz açlygyna sezewar bolmagyna alyp geldi.

Herhal internet, örän çäkli ýagdaýda hem bolsa, türkmenistanlylaryň käbiriniň öz bilýän zatlaryny halka ýetirmegine mümkinçilik berýär we soňky ýyllarda bu platformadan peýdalanmaga synanyşýan ýaşlar hem görünýär.

Bu “basmaçylyk” babatynda-da şeýle boldy diýip bolar. Mysal üçin, Wikipedia.org sahypasynda gyzyllara ýa sowetlere garşy göreşen türkmenler barada gysgaça maglumat taýýarlan türkmenistanlylaryň biri öz maglumatlaryny “Birinji Garagum urşy”, “Ikinji Garagum urşy” diýip atlandyrypdyr.

Ýöne türkmen dilinde sowetlere garşy eli ýaragly göreşen, öz mertebelerini goran adamlar baradaky maglumatlar Merkezi Aziýanyň beýleki halklarynyň dillerinde çap edilýän maglumatlaryň sany, göwrümi bilen deňeşdirilende örän, aklap bolmajak derejede az diýip, internetdäki türkmençe makalalary yzarlaýan IT inženeri aýdýar.

Şunuň bilen baglylykda, Azatlyk şu hepde anonimlik şertinde gürleşýän ýewropaly türkmenleriň iki sanysy bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolup, olardan soňky döwürde türkmençe gyzyllara garşy urşan adamlar barada okan zadyňyz barmy diýip sorady. Olaryň birinjisi “hiç zat okamadym” diýip jogap berdi, ikinjisi hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň “Enе möjеk ýa-da gara çägäniň jadysy” atly hekaýasyny okandygyny, şol ýerde Jüneýit hanyň adamkärçiligini açýan täsin dialogyň üstünden gelendigini gürrüň berdi.

“F.Tuhbatullin Daşoguzda, sowetlere garşy eline ýarag alyp göreşen adamlar hakyndaky gürrüňleri diňläp ulalan bolarly. Onuň hekaýasynda Sapar diýip birini, dogany söweşde ölensoň, Jüneýit han ýanyna çagyrýar: “Sеniň kakaň barada gowy zatlar eşitdim. Sеniň doganyňyň nähili söwеşеnini gözüm bilеn gördüm. Onuň jaýy jеnnеtdеn bolsun. Sеniňеm nеnеňsi esgеrdigiňi bilýärin. Sеniň ýenе doganlaryň, ogullaryň barmy? Agaňdan ogul galdymy?” diýip, han Sapardan soraýar.

“Ýok, mеndе başga erkеk doganam, ogul hem ýok, ýekejе gyzym bar. Doganymyň iki ogly bilеn bir gyzy bardy, olardan diňе Ýagmyr galdy, bеýlekilеrini hudaý ýygnady” diýip, Sapar hanyň soragyna jogap berýär.

“Elbеtdе, bu işlеr biribaryň emrine bagly. Mеn sеniň öýüňе dolanmagyňy islеýärin. Şеýlе maşgalanyň tohumynyň tükеnmеgini islämok. Sеn hеniz ýaş, sеn çaga öndürmеli, ogullaryňy ösdürip ýetişdirmеli, olary tеrbiýelеmеli. Olara nähili söwеşlеr edеndigimiz barada gürrüň bеrmеli...” diýip, Jüneýit han Sapary söweşi bes edip, obasyna dolanamaga yrýar.

Radionyň söhbetdeşiniň pikiriçe, Tuhbatulliniň hekaýasynda getirilýän detalyň toslama bolmagy mümkin däl we ol oňa soň, 1941-45-nji ýyllaryň urşunda gyrlan, tutuşlygyna ojagy gömlen maşgalalary ýatlatdy.

“Sizem bilýänsiňiz, meşhur sowet şahyry Resul Gamzatowyň “Durnalar” goşgusynyň töwereginde uly şowhun turuzylýardy. Käbirleriniň aýtmagyna görä, soň meşhur aýdym bolan goşgy bir tarapdan Ikinji jahan urşy döwründe Ýaponiýanyň iki şhärine taşlanan atom bombasynyň pidalaryna dikilen ýadygärlik bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan Demirgazyk Osetiýada bir enäniň uruşdan gelmedik ýedi ogluna bagyşlanan ýadygärlik bilen bagly” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň pikiriçe, “eger Stalinde hem Jüneýit handaky ýa-da geçmişde halk hereketine ýolbaşçylyk eden beýleki şahslardaky ýaly maşgalalaryň doly ýok bolmagyna gynanýan ýürek bolanlygynda, osetiýaly enäniň ýedi ogly hem uruşda ölmezdi”.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň sowet repressiýalarynyň pidasy bolan adamlar, olaryň ýok edilmeginiň özbek halkynyň mümkin bolan ösüşine uran agyr zarbasy babatynda aýdýan sözleri, eýelän berk pozisiýasy sebitiň beýleki liderleri üçin hem görelde bolmaly diýip, ozalky diplomat Nurmuhammet Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy. Azatlygyň ýerli habarçynyň şu hepde beren maglumatyna görä, Özbegistanda sowet döwründe repressiýa edilen adamlaryň aklanmagyna ‘položitel’, ýagny oňyn tarapdan seredýän adamlar Türkmenistanda hem kän.

“Munuň sebäbi, ol adamlaryň pikiriçe, SSSR döwründe ‘basmaçylar’ diýip, sada halkyň, öz ýurduny, öz ýerini, öz hakyny gorajak bolan adamlaryň atlaryny garaladylar. Aslynda, bu adamlar sada daýhanlaryň içinden çykan adamlar.”

Habarçymyz bilen gürleşen ýaşaýjylaryň biri basmaçylyk barada berlen soraga ilki rusçalap, “Это было движения - отряды которые боролись за независимость родной земли” diýip jogap berdi we pikirini türkmençe dowam etdirip: “Sada halk öz däbini, öz öýüni, öz ýurduny kommunistlerden goramak üçin ellerine ýarag almaly boldy” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu pikir bilen habarçymyzyň soraglaryna anonimlik şertinde jogap beren taryh mugallymy hem ylalaşýar.

Onuň pikiriçe, basmaçylar diýlip atlandyrylan topar halkyň bir bölegi bolup, halk olary häkimiýetlerden gizläp, azyk-suwluk berip, penalap gezipdir.

“Sowet häkimiýetleri daýhanlaryň, maldarlaryň ellerindäki mal-garalaryny, ýerlerini ellerinden aldylar, ýurduň gaýtadan koloniýa edilmegi halkyň aýaga galmagyna getirdi” diýip, radionyň başga bir söhbetdeşi zorlukly kollektiwleşdirmedem söz açdy.

“SSSR taryhynda basmaçylar bilimsiz, bisowat we yzagalak adamlar, hanlar we baýlar diňe öz emläklerini goramak üçin göreşdiler diýlip görkezildi. Ähli kinolar, oýunlar, kitaplar basmaçylary halkyň duşmany edip görkezdi, sowet soýuzy halky halas etdi diýen ýaly propaganda edildi, muňa ynanan adam hem kän boldy” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy we ‘basmaçylar’ diýilýänleriň içinde sowatly, bilimli, iň esasysy bolsa akylly, mert adamlaryň hem az bolmandygyny belledi.

Azatlygyň habarçysy bilen gürleşen mekdep mugallymy taryhy wakalaryň gaýtadan, haýsydyr bir ideologiýa galyplaryna salynmazdan öwrenilmeginiň zerurlykdygyny, munuň ýaş nesilde öz ata-balaryna, şol sanda ýurduny we mertebesini goran adamlara hormat-sylagynyň, milli buýsanjyň ýokarlanmagyna kömek etjekdigini aýtdy.

“Taryhda bolan wakalaryň täzeden açylmagy täze nesliň hakykaty bilmegine elter. SSSR döwründe doglan çagalara basmaçylar terrorist hökmünde görkezildi. Eger-de taryh dogry beýan edilse, belki-de bu täze nesliň hakykat ugrunda göreşmelidigi barada pikir etmegine elter” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, bu pikiri mundan öň, 2017-nji ýylda Azatlyk bilen basmaçylar temasyndan eden gürrüňinde ýazyjy Amanmyrat Bugaýaew hem aýdypdy.

Ol şonda basmaçylyk hereketi diýilýäniň hakykatda graždanlyk urşy bolandygyny, graždanlyk urşunda bolsa ýeňijiniň bolmaýandygyny belläp, taryha "basmaçylar" ady bilen giren adamlary bolşewik ideologiýasyny ýeňip ýeňlen adamlar hökmünde häsiýetlendiripdi.

Ýazyjy Azatlygyň "Türkmenistanda taryhyň gaýtadan, täze göz bilen öwrenilmegine näme päsgel berýär?" diýen soragyna hem jogap berdi.

“Garaşsyzlygyň ilkinji gününden, belki ilkinji sagatlaryndan başlanyp, halkyň güýjünden, halkyň öz pikirini aýtmak mümkinçiliginden çekinýärler. Eger halk özüniň hak-hukugyny talap etse, ol söz bilen aýdýarmy, söz bilen aýdan adalaty ýer kertmese, başga ýollary gözleýärmi, ine, şo ýagdaýdan çekinýärler. Şol 1917-nji ýylyň noýabrynyň aýagynda başlanyp, tas 1940-njy ýyllara çenli dowam eden basmaçylygyň-da düýp manysy halk öz mertebesini gorapdyr, halk özüniň adalatyny dikeltmek üçin orta çykypdyr. Ine, şonuň gaýtalanmagyndan, şeýle nusganyň, şeýle mysalyň türkmeniň taryhynda ozal bardygyndan gorkýarlar, çekinýärler. Şu güne çenli adamlaryň, alymlaryň agzy ýaşmakly ýaly bolup ýörmeginiň düýp sebäbi şeýle” diýip, Amanmyrat Bugaýew 2017-nji ýylda Azatlyga beren interwýularynyň birinde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.