Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Eýran uranyň baýlaşdyrylmagyna gözegçilik edýän kameralary öçürdi

Eýran BMG-niň barlagçylarynyň uranyň baýlaşdyrylmak prosessini gözegçilik etmek üçin ulanan kameralaryny öçürdi. Bu Atom energiýasy boýunça halkara atom agentliginiň (AEHA) yslam respublikasyny ýeterlik hyzmatdaşlyk etmezlikde tankytlap kabul eden rezolýusiýasyndan birnäçe sagat öň amal edildi.

8-nji iýunda Atom agentliginiň dolandyryjylarynyň Wenada geçiren duşuşygynyň dowamynda kabul edilen rezolýusiýada, Eýranyň ozal hasaba alynmadyk üç sebitde uranyň yzlarynyň peýda bolmagy bilen baglylykda düşündiriş bermeýändigi tankytlanaýar.

Rezolýusiýany Atom agentliginiň 30 agzadan ybarat Dolandyryş geňeşiniň Russiýadan we Hytaýdan galan ähli wekili goldady.

Fransiýa, Britaniýa, Germaniýa we Birleşen Ştatlar Eýrany Atom agentliginiň öňündäki kanuny borçlaryny berjaý etmäge çagyrdylar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Tähranyň Atom agentliginiň rezolýusiýasyna beren jogabynyň “berk we proporsional” bolandygyny aýtdy.