Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Hukuk toparlary: Jawanrud protestçileri öldürildi, urlup-ýenjildi we susduryldy

Adam hukuklaryny goraýjylar Eýranyň günbataryndaky Jawanrud şäherinde geçirilen protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde azyndan sekiz adamyň ölendigini, onlarça adamyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan urlup-ýenjilendigini we esassyz tussag edilendigini aýdýarlar.

Aglaba kürt köplüginden durýan Jawanrud şäheri, hijabyny ýa-da ýaş örtügini düzüw geýmezlikde aýyplanan we ahlak polisiýasy tarapyndan tussag edilip, polisiýa gözegçiliginde ýogalan Mahsa Amininiň ölüminden soň dörän tolgunyşyklaryň merkezine öwrüldi.

Eýranyň hukuk toparlarynyň, Kürdüstan Adam Hukuklary guramasynyň we Adam Hukuklary Kampaniýasynyň bilelikde taýýarlan hasabaty bolan zatlar barada gürrüň etmezlikleri üçin öldürilen, ýaralanan, tussag edilen we häkimiýetler tarapyndan basyş görkezilen adamlar, maşgalalar baradaky maglumatlary görkezdi.

Bu hasabat Amininiň ölüminiň 16-njy sentýabrda bellenjek ýyl dönümine, bütin ýurt boýunça gurnalan Aýal, Durmuş, Azatlyk protestleriniň başlanmagynyň bir ýyllygyna gabat çap edildi.

"Jawanruddaky hereketler hökümet resmileriniň doly bilmegi we görkezme bermegi bilen yzygiderli ýagdaýda amala aşyryldy” diýip, hukuk goraýjylar aýtdy.