Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Magtymguly Pyragynyň eserleri 'gowgaly döwürde türkmenleriň ruhy dünýäsini ýagtyltdy'

Öňümizdäki ýyl Türkmenistanda görnükli akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýär. Häzirki zaman türkmen döwletliliginiň pikir binýadyny we paýhas maýasyny esaslandyran dana şahyr türkmen halkynyň hakydasynda öçmejek yz galdyrdy.

Pyragynyň eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän halk düşünjesi, il bolmak ündewleri, agzybirlik we jebislik çagyryşlary we ahlak wagyzlary türkmenler üçin asyrlar boýy şamçyrag boldy.

Takdyryň türkmen dünýäsini synaga salan agyr şertleri, üç asyra çeken belentli-pesli we çarkandakly öwrümler türkmen halkyny Magtymguly Pyragydan jyda salyp bilmedi.

Türkmen halky taryhda duçar bolan agyr synaglaryna garamazdan, Pyragynyň eserlerini tutuş süňňüne siňdirdi. Onuň goşgulary döwlet senasyna barabar belentlige beýgelip, ruhy mukama öwrüldi.

Magtymguly Pyragy baradaky şeýle pikir-garaýyşlar türkmen halkynyň ruhy hazynasyny öwrenýän köp sanly edebiýatçylar tarapyndan berk nygtalýar.

Dünýä Türkmenleriniň nobatdaky sany Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň öňüsyrasynda, onuň türkmen dünýäsindäki sarpasy barasyndaky söhbetdeşlige gönükdirilýär. Biz şeýle möhüm sene mynasybetli Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen söhbetdeşlik geçirdik.