Turkmenistan
This article was added by the user . TheWorldNews is not responsible for the content of the platform.

Mdetbugat: Türkmen-owgan serhedinde ýene bir geçelge eçylar

Owganystanyň “Talyban” tarapyndan dolandyrylýan hökümeti Türkmenistan bilen serhetde, Badhyz sebitiniň Bala-Murgab etrabynda täze serhet geçelgesini (barlag-goýberiş nokadyny) gurmakçy bolýar diýip, türkmen metbugaty Owganystanyň TOLOnews neşirine salgylanyp habar berýär.

Habarda aýdylmagyna görä, täze serhet geçelgesi iki ýurduň arasyndaky haryt eksportyny we importyny ýeňilleşdirmäge kömek eder.

Şeýle-de, täze serhet geçelgesiniň nebit we un önümlerini daşamak üçin iň amatly serhet geçelgesi boljakdygy aýdylýar.

Häzir Owganystan bilen Türkmenistanyň arasynda iki sany serhet geçelgesi bolup, olaryň biri Owganystanyň Farýab sebitiniň Akina obasynda, beýlekisi bolsa Hyrat sebitiniň Turgundi şäherinde ýerleşýär.

Türkmen metbugaty iki ýurduň arasyndaky ýük gatnawy barada açyk maglumat bermeýär.